Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Türkmenistan sebit parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýandygyny nygtady.
Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny we Germaniýanyň arasyndaky has ysnyşykly syýasat we diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda, ykdysady taýdan özüneçekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, dünýä bileleşiginiň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy arkaly tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Bitarap, parahatçylygy söýüji döwlet hökmünde Türkmenistan üçin şeýle çemeleşme möhüm ähmiýete eýedir. Biz şu maksatlara ýetmäge, şol sanda häzirki formatda hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýanyň diplomatik gatnaşyklaryny güýçlendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatlygyna garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn ünsi çekdi.
Şu däp bolan töwekgelçiliklerden başga-da, Türkmenistan täze howplara –kiberjenaýatçylyga we biologik howpa garşy göreşmekde netijeli bilelikdäki tagallalara geçmegi teklip edýär. Bularyň ählisi iň täze ylmy tehnologik işläp taýýarlamalara daýanýan goranmagyň döwrebap netijeli mehanizmlerini talap edýär. Bu babatda biz Germaniýanyň kuwwatyna, serişdelerine we tejribesine bil baglaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we türkmen tarapynyň Germaniýanyň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, ýokarda agzalan töwekgelçiliklere gözegçilik we monitoring etmek ulgamynda işlemäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Halkara formatynda hem, ilkinji nobatda, BMG-niň we onuň degişli edaralarynyň çäklerinde bu ugurlar boýunça işiň anyk ýollaryny bilelikde kesgitlemegi oýlanyşykly we peýdaly hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.