Ï Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär

view-icon 1425

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howa bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň eýeleýän ornuna, onuň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna, degişli taslamalary we maksatnamalary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigine ýokary baha berýär. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede geçirilen «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahatyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol maslahatda möhüm meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi. 

Döwlet Baştutanymyz «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, ony biziň formatymyzyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi hem-de eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.