Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda professor Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň çeper eserleriniň sergisi geçirildi. Şol gün institutyň giň eýwanynda bu adam bilen köp ýyllardan bäri tanyşlar, onuň ýakynlary, dostlary, kärdeşleri, köp sanly şägirtleri hem-de häzirki talyplar ýygnandylar.
Owadan bezelen zalda aýratyn ünslülik we işe beletlik bilen şol gün 75 ýaşy dolan ussat halypanyň çeperçilik işleri görkezilişe çykaryldy. Uly bir eýýam. Şoňa görä-de, doglan gününiň şanly senesi bellenilýän ynsanyň adyna gutlag sözleri bilen çykyş eden köp sanly myhmanlaryň arasynda dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlar, halk, at gazanan işgärler hem-de çeperçilik sungatyny söýýän adaty adamlar ýürek sözlerini aýtdylar.
Bu diňe häzir şeýle – professor Muhammetberdiýewiň çeken dürli görnüşli surat eserleri örän köp, hatda guramaçylar we alymyň kömekçileri çäräniň öň ýanynda, awtoryň işlerini sergä getirmek üçin awtoulaglarynda ençeme gezek gatnaw etmeli boldular. Bir wagtlar, öňki döwürlerde – haçanda Marydaky orta mekdepde ol matematika barada arzuw edýärkä, şol bir wagtda şekillendiriş sungatynyň ilkibaşky ädimlerini-de özleşdirýärdi. Ondan soňraky ykbal menzilleriň ýol salyşynda alymyň şahsyýetiniň kemala gelmeginde takyk ylymlara bolan özüne çekijilik hem-de sosiologyň we filosofyň ynsanperwer ugra bolan yhlasy hemişe özara bäsdeş bolupdyr. Utgaşmazlygy utgaşdyrmak çylşyrymly, ýöne Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň geçen ýoly munuň mümkindigini görkezýär.
Doglan gününiň şanly senesi mynasybetli çykarylan ýygyndysyny Öwezdurdy Muhammetberdiýew «Şöhlelenme-Dartyş» («Otraženiýe-Pritýaženiýe») diýip atlandyrdy. Awtoryň atlandyrmak üçin ylmy gözleglere bolan höwesi bilen birlikde, hemişe özüni gurşap alýan hakykaty suratlarda şekillendirmäge ymtylyşyny görkezmäge yhlas edendiginiň tötänden däldigi bellidir. Şu babatda ýygyndyda doglan gününiň şanly senesi bellenilýän alymyň şahsyýetine has dogry häsiýetnamany žurnalist hem-de Muhammetberdiýewiň ýakyn egindeşi Bekdurdy Amansaryýew berendir diýip hasaplaýarys. Ol suratlaryň awtory barada şeýle seslenýär: «Iki ugur boýunça bu iki beýikligiň arasynda uçut ýok. Ylym – ýokary derejedäki täze döredijilikli iş, suratkeşiň eser döretmekdäki işi bolsa, örän ünsli takyk ylmy gözlegler bilen meňzeşdir. Ikisinde-de awtoryň aň «mikroskopy» we «teleskopy» arkaly durmuş ahwalatlary hem-de ýagdaýlary, göz öňüne getirmeleri, wakalar beýan edilýär. Ikisinde-de tejribeler we toparlara bölmeler, nähilidir bir özboluşlylygyň, ozal bolmadyk zadyň döredilmegi, pikirleriň emele gelşi bar».
Öwezdurdy Muhammetberdiýew bilen has ýakyndan tanyş adamlaryň pikirine görä, ol özüni suratkeş hasaplamaýar. Ol kalbynyň rahatlygy we özüniň kanagaty üçin surat çekýär. Bu bolsa onuň işlerine aýratyn mazmun berýär. B.Amansaryýewiň beýan edişi ýaly, «Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň – suratkeşiň işlerinde mähirlilik hem-de adaty pikirlenişiň sadalygy bar we şunda şeýle häsiýetli inçelikleri hem-de göz ýetmejek ownuk zatlary görkezýän päk niýetli synçynyň kalbyňa ornaşýan garaýşy duýulýar, bu bolsa kompozisiýany kiçi göwrümli hekaýa, köne tanyşlar duşuşanda öz aralarynda paýlaşýan wakalarynyň birine öwürýär».
Awtoryň işleriniň sergisiniň açylyşynda çykyş eden medeniýet, sungat we bilim ulgamynyň beýleki köp sanly işgärlerinden Muhammetberdiýew baradaky gürrüňler sazlaşykly ýaňlandy.
Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň çeperçilik işleriniň sergisi zehiniň diňe bir çeper dünýäsini görkezdi, beýlekisi bolsa – ömür boýy özüne çeken dünýäsi özünden daşlaşdyrman, ýubilýaryň filosofik ylymlaryň kandidaty, soňra bolsa sosiologik ylymlaryň doktory bolmagyna getirdi.
Şoňa görä-de, Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň ykbalynyň bu iki ýoluny utgaşdyryp, hem alym hökmünde, hem suratkeş hökmünde täze döredijilik üstünliklerini gazanjakdygyna hiç hili şübhe bolup bilmez.