Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň žiwopis işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Oňa mugallymlaryň 16-sy gatnaşyp, 83 sany awtorlyk suratlaryny goýdular. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy M.Ýazmyradow çärä gatnaşyjylaryň ählisine Hormat hatlary gowşurdy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň žiwopis eserleriniň sergisi ýurdumyzda häzirki zaman žiwopis sungatynyň ösüşini ugrukdyrýanlaryň döredijilik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Şoňa görä-de, ol suratkeşleriň arasynda-da we özüni žiwopis sungatyna bagyşlamagy karar edenleriň çeperçilik akademiýasynyň, çeperçilik mekdebiniň, şeýle hem Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda-da uly gyzyklanma döretdi.
Temalaryň, žanrlaryň, usullaryň hem-de suratkeşleriň ileri tutan ugurlarynyň köpdürliligi sergini häsiýetlendirýär. Türkmen halkynyň gahrymançylykly geçmişi baradaky tema degişli eserlerden Azat Myradowyň «Uzaga çeken tümlik» atly suraty aýratyn täsir galdyrdy. Suratyň merkezi böleginiň bäş metre uzaýan monumental çözgütde ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Surat Jelaletdiniň we onuň egindeşleriniň ýatdan çykmajak gahrymançylygyna bagyşlanypdyr.
Babaýew Zakirjanyň ösüşinde aýratynlyklary bolan ýetginjek üçin oglanlyk pişeleriniň hiç biriniň ýat däldigi barada gürrüň berýän «Sessiz şatlyk» diýen işi ynsanperwer mazmuny bilen sergä gelýänleriň ünsüni çekdi. Meşhur heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň portreti hem hiç kimi biparh goýmadyk bolsa gerek. Türkmenistanyň halk suratkeşiniň ýüzüniň ençeme möçberde ulaldylan keşbi her bir menekleri we her ýygyrtlary görkezmek arkaly fotorealizm usulynda ýerine ýetirilipdir.
Sergi merkeziniň ikinji gatynyň ähli meýdanyny eýeleýän sergide onuň açylan gününden başlap, 10 günüň dowamynda çeperçilik akademiýanyň mugallymlarynyň işleri bilen tanşyp bolar.