Ï Maldarçylyk hojalygynyň işleri ileri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maldarçylyk hojalygynyň işleri ileri

view-icon 232
Maldarçylyk hojalygynyň işleri ileri

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösmekligi üçin ähli şertleriň döredilmegi, kuwwatly, häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen ýokary öndürijilikli hususy kärhanalaryň emele gelmegi, Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, senagat önümleri bilen birlikde, ekologiki taýdan arassa azyk önümleriniň öndürilişiniň artmagyny üpjün edýär.

Berkarar Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem hususyýetçilik ulgamyna sebitde öndürilýän jemi önümiň barha uly paýy düşýär. Munuň şeýle bolmagynda täze döredilýän hususy kärhanalaryň sanynyň artmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Maldarçylyk hem-de guşçulyk bilen meşgullanýan şeýle kärhanalaryň biri-de welaýatyň Dänew etrabynyň Maý geňeşliginde ýerleşýän «Bereketli jaý» hususy kärhanasydyr. Bu hojalykda häzirki wagtda ýerli iri şahly mallaryň 100-den gowragy, şeýle hem «Golştin» tohumyndan bolan iri şahly mallaryň 200-den gowragy idedilýär. «Golştin» tohumyndan bolan sygyrlaryň, esasan, süýt önümini almaklyga niýetlenendigini, olaryň iýmitine görä süýt berijilik ukybynyň has artýandygyny we dünýäde giň ýaýrandygyny belläp geçmek möhümdir.

Bu tohuma degişli bolan mallaryň soňky döwürlerde türkmen hususyýetçileri tarapyndan biziň ýurdumyza hem getirilendigini, olara ideg etmekligiň we ýokary önüm almaklygyň usullaryny ele alandyklaryny hem bellemek buýsançlydyr. «Bereketli jaý» hususy kärhanasyna mallary ot-iým bilen üpjün etmek maksady bilen etrabyň çäginden 630 gektar ýer bölünip berlipdir. Bu bolsa mallary ýylyň dowamynda ýokumly ot-iým bilen ýeterlik derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Kärhanada sygyrlaryň sagym işi kämil tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrylýar we onuň bir gündäki möçberi ortaça bir tonnadan aşýar. Hojalykda taýýarlanylýan önüm, esasan, süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanalar tarapyndan satyn alynýar. «Bereketli jaý» hususy kärhanasyna degişli ýumurtga öndürmeklige niýetlenen guşçulyk fermasy hem hereket edip, onda 2000-den gowrak towuk idedilýär.

Şu ýylyň başyndan bäri bu hojalykda towuklardan 300 müňe golaý ýumurtga alnyp, söwda nokatlaryna ugradylypdyr. Işleri barha ilerleýän «Bereketli jaý» hususy kärhanasy geljekde iri şahly mallaryň baş sanyny, şonuň bilen birlikde süýt öndürilişini-de has-da artdyrmaklygy meýilleşdirýär.