Ï Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy kämilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy kämilleşdirilýär

view-icon 2361
Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy kämilleşdirilýär

Aşgabatda ýerli öz-özüňi dolandyryş pudagyndaky özgertmeleri ilerletmek boýunça «tegelek stol» geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy (USAID) bilen bilelikde guraldy.

 «Tegelek stoluň» işine USAID-iň Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň direktorynyň orunbasary Monik Mosolf we Mejlisiň deputatlary gatnaşdylar. Olar ýerli öz-özüňi dolandyryş hakda Kanuny ýerli talaplary göz öňünde tutup, özgertmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler berildi, ýerli dolandyryşy we hyzmatlary gowulandyrmak üçin strategiýalary işläp düzmek göz öňünde tutuldy.

Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan  ösüşiniň  Milli maksatnamasyny we USAID-iň demokratik institutlary pugtalandyrma hem-de durnukly ösüşe ýardam etmek boýunça maksatlaryny goldaýar.