Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň suratlarynyň sergisi açyldy. Ýurdumyzyň bu baş baýramyny her ýyl halkymyz giň gerimli belleýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenilýär.
Serginiň esasy bölegini Jumamyrat Gurbanowyň «Baýram güni» atly triptihi eýeleýär, onda awtor agşam çagy Aşgabada gezelenje çykan ýaşlaryň şatlygyny görkezipdir. Ajaýyp binalaryň sudury alagaraňkylyga bürelen, ýöne reňbe-reň neon yşyklary paýtagtyň görküne görk goşýar. Döwrümiziň ýaşlary, ýollarda at çapýan döwrebap ulaglar, şäheriň zamana kybap binalary – bularyň hemmesi şäherlerimizde türkmenistanlylaryň rahat durmuşy üçin gowy şertler döredilen Garaşsyzlygyň nobatdaky baýramy temasyny owadan beýan edýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bu şanly sene beýik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabat geldi. Nakgaşlaryň köpüsi işlerinde bu temalary birleşdirdiler. Aýna Atamyradowa şahyryň «Täze açylan güller, Bostana gözüm düşdi» goşgusyny işiniň ady hökmünde ulanypdyr, ol monumental işinde miweli nar şahasynyň garşysynda goýan Magtymgulynyň portretini baş gahryman hökmünde alypdyr. Aýna Atamyradowa eklektiki usuly ulanyp, suratynda dürli epizodlara bölüpdir. Olar – ýigit bilen gyzyň tansy, Beýik Ýüpek ýolundan barýan kerwen, erteki ýaly owadan Arkadag şäheri.
«Çoh garaşan ajap eýýam gelipdir» monumental surat Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň köpçülikleýin işidir. Onuň awtorlary – Pawel Anahowskiý, Aýna Atamyradowa, Jemal Baýmyradowa we Ogulaý Haýdarowa Arkadag şäherini Magtymgulynyň ajaýyp keşbiniň fonunda şekillendiripdirler. Olar şeýtmek bilen öz suratynda şahyryň arzuwynyň we türkmenleriň häzirki durmuşyny birleşdirdiler.
Sergide görkezilen eserleriň arasynda ahalteke bedewleriniň şekili, döwürdeşlerimiziň portretleri, dogduk ülkäniň gözel ýerleri, Magtymgulynyň goşgularynyň surat bezegleri bar. Şekillendiriş sungaty ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlaryny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda jemgyýetiň üstünlikli ösüşini ýene bir gezek görkezdi.