Türkmenistanda «Maýyplaryň durmuşa işjeň goşulyşmasy» okuwy üçin okuw gollanmalary bilen tanyşdyryldy. Ol Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikdäki tagallalarynyň netijesidir.
Bu kurs degişli ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna we dowamly okuwlara girizmäge niýetlenendir.
Bu okuw 15 moduldan ybarat bolup, maýyplaryň durmuşa işjeň goşulyşmasynyň konsepsiýasy, hünärmenleriň kömek bermek ýörelgeleri we maýyplara goldaw bermek üçin häzirki zaman çemeleşmeler ýaly möhüm temalary öz içine alýar.
Şeýle hem bu okuwda kömekçi tehnologiýalary ulanmak, kiçijik çagalaryň psihiki saglygyny goldamak, kommunikatiw başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem maýyplygyň dürli görnüşleri üçin beden we ergoterapiýa bejergisi ýaly meselelere garalýar.
Okuw gollanmalary bilim, saglygy goraýyş we durmuş taýdan goramak boýunça hünärmenlere, şol sanda mekdep mugallymlaryna, çagalar baglarynyň terbiýeçilerine, durmuş taýdan goraýyş we saglyk işgärleri, şeýle hem bu çärä gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna niýetlenendir.
Maksatnamanyň esasy bölegi maýyp çagalara we ösüş taýdan yza galýan çagalara ir bejergi bermek hyzmatlaryny göz öňünde tutýar, bular maýyplaryň durmuşa işjeň goşulyşmasy ýolunda ilkinji ädim hasaplanylýar.
Maýyplaryň inklýuziw bilimi olaryň durmuşa işjeň goşulyşmasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde okuwyň esasy wezipesidir. Şeýle hem bu maksatnamada maýyplygyň öňüni almak we maýyplara ýardam bermek üçin ýerli bileleşikler özara gatnaşyklar meselesine garaýar.
UNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea Bilim ministrliginiň UNISEF-iň goldamagynda Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynyň we mekdepleriniň ikisinde inklýuziw bilimiň esasy bölekleriniň synagdan geçirip başlandygy nukdaýnazaryndan bu okuwyň aýratyn ähmiýetlidigini belledi.