Aşgabatda lukmançylyk barlaghanalarynda hil dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça milli hünärmenleri taýýarlamak üçin okuwlar geçirildi. Okuwlar Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy bilen bilelikde geçirilýär.
Bu okuwlar «Merkezi Aziýada bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň barlaghana hyzmatynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ony halkara bilermenleri Gulmira Kalmambetowa we Aleksandr Jaguparow geçirdiler. Iň ýokary takyklyk we ygtybarlylyk derejesine ýetmek üçin ähli barlaghana amallarynyň we işleriniň has gowy usulda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek möhümdir.
Hil dolandyryş ulgamynda laboratoriýa işleriniň ähli taraplary, şol sanda guramaçylyk gurluşy, amallar we usullar barlagyň hili nukdaýnazaryndan seredilmelidir. Lukmançylyk barlaghanalaryny netijeli we tygşytly berkitmegiň esasy usuly — barlaghana hil dolandyrylyşynyň netijeli ulgamyny ornaşdyrmakdyr. 2014-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy barlaghanalara kömek etmek üçin LQMS ornaşdyrmagyň onlaýn-guralyny: barlaghananyň hil ulgamyny ädimme-ädim ornaşdyrmagyň (LQSI) guralyny işe girizdi.