ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi žurnalistler üçin okuw geçirdi. Milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary saýlawlary metbugatda beýan etmek boýunça iki günlük okuwa gatnaşdylar.
Özbegistanly, slowakiýaly we kanadaly bilermenler garyşyk görnüşde çykyş etdiler. Olar saýlawlary beýan etmek babatda tejribelerini gürrüň berdiler, şeýle hem häzirki zaman usullary, mediakontentleriň görnüşleri we analitiki çemeleşmeler barada gürrüň berdiler.
Slowakiýaly bilermen Raşgo Kuzel wideo aragatnaşygy arkaly okuwa gatnaşyjylar bilen saýlawlary beýan etmegiň ýollaryny we tejribesini paýlaşdy, gepleşikleri guramagyň we media-meýilnamalaşdyrmagyň inçe syrlary, şeýle hem žurnalistika ýordumyna gatnaşyjylaryň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini goramagyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Kanadaly halkara bilermen Tomas Raýmeriň onlaýn aragatnaşyk arkaly tematiki synlary saýlawlar beýan edilende analitiki makalalaryň meselelerine, onlaýn-media görnüşlerine bagyşlandy.
Okuwa gatnaşan özbegistanly bilermen Beruniý Alimow saýlawlary köp dürli beýan etmegiň inçe syrlary hem-de maglumatlary we beýannamalary barlamagyň gurallary barada gürrüň berdi. Ol häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ösmegi bilen ýalan maglumatlar meselesiniň we çeşmeleriň ygtybarlylygyny barlamak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belledi. Şu jähetden bilermen maglumatlaryň takyklygy barlananda onlaýn-meýdançalaryň aýratyn mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.
Okuwyň barşynda oňa gatnaşyjylar pikir we tejribe alyşdylar. Okuwyň ahyrynda şol sanda ÝHHG we beýleki abraýly halkara gurluşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikirler aýdyldy.