Ï Türkmenistanyň talyp gyzy Ýaponiýada okamak üçin granta mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň talyp gyzy Ýaponiýada okamak üçin granta mynasyp boldy

view-icon 2839
Türkmenistanyň talyp gyzy Ýaponiýada okamak üçin granta mynasyp boldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Göwher Berdiniýazowa «Ýapon dilini öwrenýänler üçin Ýaponiýada okamak» diýen grant maksatnamasynyň ýeňijisi boldy.

Ýaponiýada okamak üçin şeýle mümkinçilige türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyp gyzy dile erk edişiniň ýokary derejesini görkezip hem-de gatnaşan köp sanly dalaşgärleriň arasynda saýlama synaglaryň netijesinde has köp bal toplap eýe boldy.

Ozalky birinji ýyl talyp bilimlere bolan uly höwesini we beýleki dersler boýunça uly üstünliklerini görkezýär. Bu bolsa oňa ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň arasynda tiz abraý-hormat gazanmaga kömek etdi. Ýapon diline aýratyn gatnaşygynyň bolmagy netijesinde Göwher bu ýurtda ilkinji gezek bolup gördi we özüniň öňden gelýän arzuwyny amala aşyrdy.

Bu maksatnama dünýäniň 43 ýurdundan talyplary bir ýere jemledi. Olar üçin 4–18-nji sentýabr aralygynda iki hepdelik okuw guraldy. Bu maksatnama ýapon diline uly höwes bildirýänleriň – her ýurtdan bir wekiliň gatnaşmaga hukuk alandygyny bellemek gerek.

Talyplar üçin bilim maksatnamasynyň çäklerinde ýapon dili we medeniýeti boýunça umumy sapaklar geçirildi, şolaryň üsti bilen talyplar dil başarnyklaryny gowulandyrmak bilen birlikde, ýerli milli däpleriň aýratynlyklary barada täze bilimleri aldylar. Okuwlar Osakada Ýapon Gaznasynyň Ýapon dili institutynyň (The Japan Foundation Japanese-Language Institute, Kansai) binýadynda geçirildi.

Ýaşlaryň arasynda ýapon dilini giňden wagyz etmekden başga-da, Ýaponiýa baradaky bilimleri ýaýratmak bu maksatnamanyň ýene-de bir maksadydyr. Şundan ugur alnyp daşary ýurtly myhmanlar üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy. Oňa müň ýyllyk taryhy, özboluşly medeniýeti we täsin däp-dessurlary bolan dünýäniň owadan we üýtgeşik ýurtlarynyň biri boýunça ýatdan çykmajak syýahat etmek girizildi. Maksatnama gatnaşyjylar Ýaponiýanyň Osaka, Kioto, Hirosima hem-de paýtagty Tokio şäherleri boýunça syýahat etdiler. Olar milli muzeýlere we kitaphanalara baryp gördüler, myhmansöýer ýapon maşgalasynyň öýünde boldular, şonuň netijesinde olaryň milli däpleri, ýaşaýyşy hem-de ýaponlaryň adaty durmuş ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşdylar.

Türkmenistanyň Oguz han adynaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýapon nusgaly okuw maksatnamasy bolan ýurtda ýeke-täk ýokary okuw mekdebi bolup durýandygyny bellemek gerek. Uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde alnyp barylýar, şol dilleriň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegi ilkinji ýyllarda okuw işine maksada laýyk ornaşdyryldy. 

Ýurdumyzda öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýän beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda, ýapon dili barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Soňky on ýylda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ençeme esse artdy. Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde bu görkeziji 13 müňden gowrak adama barabardyr.