Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bu ýokary okuw mekdebiň Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda hytaý dili boýunça geçiren II internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Dabarada institutyň ýolbaşçylarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri çykyş edip, bäsleşikde ýeňiş gazanan okuwçylary gutladylar.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça hytaý dilini ýokary derejede bilýän sekiz ýeňiji kesgitlenildi.
Bäsleşigiň baş baýragyna Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Swetlana Akbaýewa mynasyp boldy.
1-nji orny Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Muhammetmyrat Allaberdiýew eýeledi.
Ikinji orny Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçylary Hakmyrat Annadurdyýew we Muhammetmyrat Mammetweliýew, şeýle hem Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Wiktoriýa Çabanenko eýelediler.
3-nji orna Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kseniýa Rassohina, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 130-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Aýlar Nowruzowa we Nurana Musaýewa mynasyp boldular.
Olimpiadanyň ýeňijilerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşuryldy.
Olimpiýada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar berlen tema boýunça hytaý dilinde düzme ýazmakda bäsleşdiler. Ikinji tapgyr barlagnama görnüşinde geçirildi.
Bäsleşik daşary ýurt dillerini gowy bilýän zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, ýurduň ýokary we orta mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» geljekde-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi.