Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 2097

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Özbegistanda Sizi Türkmenistanyň dostlukly halkynyň uly hormatyna mynasyp bolan görnükli syýasatçy we döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri görkezýär, halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar. Şunuň bilen baglylykda, özbek-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselesine berýän aýratyn ünsüňizi uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde strategik hyzmatdaşlyk ruhundaky köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklarymyzyň doganlyk halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň durmuşyňyzdaky bu şatlykly günde Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Şu ýylyň iýunynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparymyň Siziň bilen dostlugymy pugtalandyrandygyna we ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarandygyna şatdyryn. Ýurtlarymyzyň sammitiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda bilelikdäki işi mundan beýläk-de dowam etdirjekdiklerine, geljegi nazarlaýan özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga yzygiderli üns berjekdiklerine umyt edýärin.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly Türkmenistana bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ýun Sok ÝOL,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Siziň bilen Aşgabatda geçen netijeli duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Bu duşuşygyň dowamynda maňa türkmen halkynyň myhmansöýerligini we dostlugyny duýmak miýesser etdi. Men duşuşykda halklarymyzyň taryhy ýakynlygy bilen baglylykda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygymyzy beýan etdim. Wenger-türkmen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletlerimiziň arasynda özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýe bolmagy mende uly şatlyk we kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Jenap Prezident, Wengriýa bilen hyzmatdaşlyga açykdygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin Siziň bilen mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigime ynandyrýaryn!

Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wiktor ORBAN,
Wengriýanyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan köpasyrlyk taryhyny aýawly saklamak hem-de baý milli däplerine ygrarly bolmak bilen, okgunly ösmegini dowam etdirýär.

Wagtyň synagyndan geçen dostlukly rus-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny bellemäge şatdyryn. Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine hem-de Merkezi Aziýada, Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýändigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm orun eýeleýän durnukly we kuwwatly döwletiň nusgasyny görkezýär.

Ýokary şahsy häsiýetleriňiz, parasatlylygyňyz, ýolbaşçy hökmünde ukyp-başarnyklaryňyz Size öz ýurduny ösüş ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan görnükli syýasatçynyň şöhratyny getirdi. Siz halklarymyzyň köpasyrlyk taryhyna esaslanýan rus-türkmen dostlugynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarsyňyz. Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Siziň tagallalaryňyz bilen Sankt-Peterburgyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin. Siz Sankt-Peterburgda hemişe arzyly myhmansyňyz!

Aleksandr BEGLOW,
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Doganlyk halklarymyzyň arasyndaky gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn goldaýandygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan etmäge şatdyryn. Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Mintimer ŞAÝMIÝEW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!

Öz adymdan hem-de Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan Sizi doglan günüňiz bilen gutlamaga rugsat ediň! Bu şatlykly we dabaraly günde Size berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň maksada okgunlylygyňyz hem-de halkyňyzyň rowaçlygy baradaky aladaňyz ýurduňyzyň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan ynamly öňe barýar. Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýäris. Goý, Siziň her günüňiz şatlyklara beslensin, arzuwlaryňyz hasyl bolsun!

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Çuňňur hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Ýewgeniýa GUSUL,
Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň başlygy.