Geçen hepde Türkmenistanyň Adalat köşgüniň mejlisler jaýynda «Garaşsyzlyk – beýik gadamlaryň ganaty» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ony Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilelikde gurady. Baýramyň öňýany geçirilen bu duşuşyga kazyýet agzalary, ylmy edaralaryň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy.
Maslahatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy netijesinde, ýurdumyzyň milli hukuk ulgamynyň ösüşiniň esasy ugurlary, Türkmenistanyň kazyýet hakyndaky kanunlar we kazyýet işini kämilleşdirmekde gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk taryhy döwründe raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini gyşarnyksyz üpjün edýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk binýady tutulandygyny nygtadylar.
Şeýle hem maslahatda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny berkitmäge, halkymyzyň döwletlilik, ynsanperwerlik, deňlik we adalat ýaly esasy gymmatlyklaryny tassyklamaga, Watanymyzyň ykdysady, ylmy we medeni mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, uly üstünlikler gazanylandygy bellendi.