Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

view-icon 3671
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri — talyplar, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy.

Maslahat köşgünde hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Gahryman Arkadagymyz köşgüň sahnasyna baryp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen ählihalk forumynyň wekilleri bilen mähirli salamlaşýar.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, biz merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnandyk diýip belledi. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşýarlar.

Şu ýyl biz şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belleýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen berk baglan akyldaryň arzuw eden zamanasynyň gelendigini buýsanç bilen nygtady. Berkarar Türkmenistan agzybirligiň hem-de rowaçlyklaryň ýurduna öwrüldi.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işi ýurdumyzy iň bagtly adamlar ýaşaýan hem zähmet çekýän kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy menzillere göz aýlamak, öňde durýan wezipeleri kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Dabaraly pursat gelip ýetýär: türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan edýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Umumymilli foruma gatnaşyjylaryň ählisi oňa öz seslerini goşýarlar.

Soňra wekiliýetleriň agzalaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumy saýlanylýar. Milli Liderimiz olardan öz ýerlerine geçmeklerini haýyş edýär.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary we ýurdumyzyň ähli halkyny Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, merdana türkmen halkyna gülläp ösüş, bagtyýarlyk arzuw edip, forumyň wekilleriniň mejlisiň gün tertibi, serediljek soraglar bilen tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz gün tertibine hödürlenen soraglar we resminamalar boýunça teklipleriň, bellikleriň bardygy ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanylýandygyny yglan etdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistanyň geçen şöhratly ýoluny, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlenip, ýene-de sanlyja günden berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir. Ähli üstünliklerimiziň, beýik ösüşlerimiziň aýdyň ýoludyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Bu özgertmeler döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, Oba milli maksatnamasy, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy”, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, kabul edilen beýleki maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy pugtalanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň syýasy, ykdysady, medeni galkynyşlara, şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri bolup taryha girjekdigine berk ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň işi barada aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýändigini nygtady.

Halk demokratiýasynyň bu kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär. Raýatlarymyzyň watansöýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda tagalla edilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekdi.

Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleri agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge uly ýardam berýär. Eden işi nusgalyk, parasatly gojalarymyz, enelerimiz halkymyzyň guwanjy hem buýsanjydyr. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet baradaky arzuwlary bu gün doly hasyl boldy. Bize pederlerimiziň belent hem-de asylly arzuwlary hakykata öwrülen parahat, asuda, berkarar ýurtda ýaşamak we döretmek bagty miýesser etdi. Nesip bolsa, geljekde has-da uly işleri amala aşyryp, kuwwatly kärhanalary, önümçilik merkezlerini, täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleridir obalary gurarys. Ata Watanymyzyň görküni has-da gözelleşdireris. Mähriban halkymyzyň maksada okgunly işleri bilen ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny, jemgyýetimiziň gülläp ösmegini gazanarys diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Şu ýylyň ýokary görkezijileri döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň örän dogrudygyny görkezýär. Welaýatlara amala aşyrýan iş saparlarymda dürli kärdäki adamlar bilen duşuşanymda nygtaýan esasy meseläm halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydyr. Agzybirlik, asudalyk, zähmetsöýerlik eziz Diýarymyzyň rowaçlyklarynyň binýadydyr. Şeýle halky bolan döwletiň geljegi aýdyňdyr hem-de beýikdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ykdysady ösüşiň her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertidigini aýdyp, biziň ykdysady üstünliklerimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn buýsanç bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesini; ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagyny; ykdysady özgertmeleriň işjeň depginini; adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesini; dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy ykdysady ösüşleriň hem-de kuwwatly döwletiň esasy aýratynlyklarynyň hatarynda görkezdi. Şeýle bolansoň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak hemmämiziň esasy wezipämiz bolup durýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşyny dowam edip, Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň ylym, bilim, medeniýet bilen berk baglydygyna ünsi çekdi. Altyn güýzüň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda täze, döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary dabaraly açyldy. Birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat hökmünde gowşuryldy. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berildi. Geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralary gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleri döredilse maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalary açylsa, ýaşlarymyz üçinem, jemgyýetimiz üçinem bähbitli boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak bilen bagly mesele dogrusynda-da durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy; saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy; ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi; ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy; müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmegi hem-de ylmy taýdan beýan etmegi; Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegi möhüm hasap edýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek teklip edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilýän syýasatyň ykdysady ugruna degip geçip, kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň, Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň, Garagumuň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagynyň, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan beýleki işleriň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, şäherdir obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesine uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýändigine ünsi çekdi. Döwletimiz bu ugurda maksada okgunly işleri alyp barýar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Biz bu işleri geljekde has-da ýokary depginde dowam etdirmelidiris diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe, salgyt-býujet ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiz uly işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýylda geçiriljek mejlisine 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip etdi.

Biz geljek, 2025-nji ýylda şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçeris diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplaýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän hem gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşyklylygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyz halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, geljekde-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Merdana halkymyzy beýik işlere galkyndyrmakda hem-de jebisleşdirmekde geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Şoňa görä-de, raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini sazlaşykly dowam etdirmeli. Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň egsilmez güýjüni ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirmekden ybaratdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri muňa şaýatlyk edýär. Biziň amala aşyrýan beýik işlerimiz raýatlarymyzyň, çagalarymyzyň, agtyk-çowluklarymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Şu ýylyň martynda ynsanperwer gymmatlyklary goldanýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belledik. Garaşsyz ýurdumyzda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çaganyň saglygy dikeldildi we bu ynsanperwer işi biz geljekde-de dowam etdireris. Bu işler üçin biziň ýeterlik serişdelerimiz bar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik hem ýagty geljegimiz hakyndaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň berk binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gaznanyň alyp barýan işine halkara derejede ýokary baha berilmegi döwletimizde howandarlygyň, çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesiniň toplanandygyny, Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys diýip, hormatly Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda aýtdy we foruma gatnaşyjylara hem-de halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar hem abadan durmuş arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra Gahryman Arkadagymyz umumymilli foruma gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy H.Ereşow çykyş edip, ähli ýaşulularyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Medeni-seýilgäh toplumynyň merkezinde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň oturdylmagy hemmämizde uly buýsanç döredýär. Şahyryň ajaýyp eserlerinde çuňňur garaýyşlar beýan edilýär. Olar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar.

Ýaşuly nesliň wekili halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy ugrunda edýän uly aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan edip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işleriniň ençeme çagalaryň arzuwlaryna ganat, geljegine umyt berendigini belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ähli welaýatlarda metjitleri gurdurmak baradaky başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Gadymy Änew topragynda Seýit Jemaleddin metjidi guruldy, Arkadag şäherinde täze metjidiň düýbi tutuldy. Arkadagly hajy Serdarymyzyň başda durmagynda müňlerçe raýatlaryň haj parzyny berjaý etmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa döwürleriň we nesilleriň, köpasyrlyk asylly ýörelgeleriň, parasatly ata-babalarymyzyň nusgalyk däp-dessurlarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň ajaýyp eserlerinden ruhlanýan ýaşuly nesliň ýaşlary Watana söýgi, wepalylyk, zähmetsöýerlik, halkymyzyň gadymdan gelýän gymmatlyklaryna we däplerine ygrarlylyk ruhunda terbiýelemek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

H.Ereşow ýaşulularyň Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyny ruhubelentlik bilen diňländiklerini hem-de mejlisde kabul ediljek çözgütleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynanýandyklaryny belledi. Ol Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyşyny goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra Mary welaýatynyň Mary şäher salgyt bölüminiň işgäri A.Jumamyradow çykyş edip, ykdysadyýet ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly ösýän döwlete öwrüldi. Muny ähli pudaklarda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň mysalynda aýdyň görmek bolýar.

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Önümçilik kärhanalarynyň, zawoddyr fabrikleriň gurulmagy döwlet syýasatynyň ykdysady ugruny pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ynamly öňe barýandygyny görkezýär diýip, çykyşda bellenildi.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy biziň ösüşlerimize bütin dünýäde ýokary baha berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýaş hünärmen Arkadag şäheriniň açylmagynyň hem-de şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişilmeginiň, ýakynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň ýokary derejede geçirilmeginiň, TOPH taslamasynyň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berilmeginiň, Owganystanyň Hyrat welaýatynda «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmeginiň, beýleki wajyp taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryň ýurdy hökmünde abraýyny has-da berkidip, ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

A.Jumamyradow çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen jemläp, ykdysadyýet ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet bölüminiň hünärmeni J.Garajaýewa söz berildi. Ol medeniýet we sungat işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, egsilmez döredijilik ylhamyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgy Garaşsyz Watanymyzyň tutuş bir ýylyny — 2024-nji ýyly uly joşguna besleýär. Paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda «Magtymguly» atly goşgular ýygyndysynyň üç dilde çap edilmegi Gündogaryň beýik akyldaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Çykyşda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hem-de söz ussadynyň medeni mirasyny gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek baradaky başlangyçlary öňe sürendigi üçin, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk beýan edildi.

Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligini dünýä ýaýmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň çäklerinde, akyldaryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy watandaşlarymyzyň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Medeniýet ulgamynyň wekili halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň bu däbi mynasyp dowam etdirip, ata-enäni hormatlamagyň nusgalyk göreldesini görkezýändigini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň we Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň nusgalyk göreldesi nesilleri ruhy-ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň asylly mekdebidir.

Çykyşda Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz, ruhy gymmatlyklarymyz hakynda söz açýan eserleriniň dünýäniň ençeme diline terjime edilip, halklaryň arasyndaky dostluk köprüsine öwrülendigi nygtaldy. Gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynyň çap edilmegi bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň döredijilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

J.Garajaýewa umumymilli foruma gatnaşyjylaryň Halk Maslahatynyň şu gezekki taryhy mejlisinde beýan edilen teklipleri we kabul edilen çözgütleri ruhubelentlik bilen diňläp, hemmetaraplaýyn goldaýandyklaryny nygtady hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, giň gerimli döwlet işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuwlap, çykyşyny gazal bilen jemledi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy M.Geldiýew çykyş etdi. Ol sözüniň başynda Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eseri ak bugdaýyň mekany bolan sahawatly türkmen topragynyň belent waspydyr.

Türkmen daýhanlary bu günki gün ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk tejribesini barha kämilleşdirýärler. Daýhanlara sahawatly toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmet çekip, eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär. Döwlet harmanyna tabşyrylan galla we pagta hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär diýlip, çykyşda bellenildi. Şeýle-de çykyş eden ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakynda Kararyň türkmen daýhanlaryny täze üstünliklere ruhlandyrandygyny nygtady.

Çykyşda bellenilişi ýaly, ylmy-barlag institutlarynyň döredilmegi oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine, gadymy daýhançylyk tejribeleriniň ylmyň ýokary gazananlary bilen sazlaşykly alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýakynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, ugurdaş halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi bu işleriň ylmy esasda utgaşykly alnyp barylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

M.Geldiýew türkmen alymlary tarapyndan güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze görnüşleriniň döredilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli oba hojalykçylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlap, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagynyň geljekde bu ekiniň hasyllylygyny artdyrmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Çykyşda dünýäniň işjeň senagatlaşýan döwletine öwrülen Türkmenistanda döwrebap azyk senagaty we gaýtadan işleýän kärhanalaryň, elewatorlaryň, ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň sanynyň artýandygy bellenildi. Munuň özi gök önümleriň, miweleriň ösdürilip ýetişdirilýän möçberini artdyrmaga, ýylyň ähli paslynda ýurdumyzyň bazarlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Oba zähmetkeşleri hakynda edilýän bimöçber aladalaryň netijesinde obalarda döwrebap durmuş maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Oba hojalyk ulgamynyň wekili türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň şu gezekki mejlisinde eden çuň manyly taryhy çykyşynyň türkmen halkyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrjakdygyny belledi hem-de daýhanlaryň edilýän aladalara jogap edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda mundan beýläk-de yhlasly halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany M.Jumaýewa çykyş edip, ähli saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderini we döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ol halkyň saglygyny goramagyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köp sanly saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi ilatyň saglygy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýän lukmançylyk klasterini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramak babatda hemmetaraplaýyn alada edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda gazna tarapyndan çagalaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkyna mahsus bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerilip, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «akylly» şäherleriň «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde Arkadag şäheriniň üç sany abraýly baýraga mynasyp bolmagy watandaşlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzyň Ýer ýüzünde belent abraýa eýediginiň we gazanýan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky mysalydyr.

M.Jumaýewa abadan durmuşda ýaşamak babatda döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra Bäherden sement zawodynyň hünärmeni D.Meretgeldiýewe söz berildi. Ol senagat-gurluşyk toplumynyň işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderini we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Maslahata gatnaşyjy wekil ýurdumyzda senagat pudagynyň batly depginlerde ösýändigini, Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagy babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, senagat pudagy milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly, çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda dünýä bazarynda isleg bildirilýän dürli görnüşli önümler öndürilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda Lebap welaýatynda Lebap sement zawodynyň, Ahal welaýatynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrlary ulanmaga berildi. Munuň özi ýokary hilli sementiň daşary döwletlere eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Elektroenergetika pudagynda gazanylýan üstünlikler barada durup geçip, çykyş eden ýokary woltly elektrik geçirijileriniň, «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleriniň gurulmagynyň, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamyň döredilmeginiň diňe bir içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini däl, eýsem, ony daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak babatda täze tapgyr boljakdygyna ynam bildirildi. D.Meretgeldiýew türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlup, dünýäni haýrana goýan Arkadag şäheriniň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly çykyşynyň mejlise gatnaşyjylaryň eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrandygyny belläp, ol gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi babatda edilýän hemmetaraplaýyn aladalar üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, ýaş hünärmen çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň baş hünärmeni T.Gurtgeldiýew çykyş etdi. Ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ol “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini nygtady.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýan awtomobil, demir ýollaryň, täze köprüleriň, howa menzilleriniň, Merkezi Aziýanyň “deňiz derwezesi” hasaplanýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy, şu ýylda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gury ýük gämileriniň gurluşygyna girişilmegi ulag ulgamynda ägirt uly kuwwatyň bardygyny görkezýär.

Çykyşda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň strategik öňdengörüjiligi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň binýadyny emele getirýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Arkadag şäheriniň we maglumat-aragatnaşyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman desgalarynyň gurulmagy sanly hyzmatlaryň durmuşymyza giňden ornaşdyrylýandygyny subut edýär.

Pudagyň işgärleriniň multimodal ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagy arkaly, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň halkara hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmagyny dolulygyna goldaýandyklaryny belläp, T.Gurtgeldiýew ulgamy ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn aladalary, zähmetkeşleriň ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrunda amatly şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, maslahata gatnaşyjy wekil çykyşyny goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra çykyş etmek gezegi berlen harby gullukçy K.Öwezmuhammedow Watan goragçylarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderini we ähli ýygnananlary döwlet durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bilen gutlady.

Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde geçirilýän bu ählihalk maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleriniň kesgitleniljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys diýip, çykyş eden aýtdy. K.Öwezmuhammedowyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toplumlaýyn harby özgertmeler geçirilip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş şertleri bilen hemişe gyzyklanyp, Milli goşunymyzyň güýç-kuwwatyny emele getirýän döwrebap tehnikalar bilen tanyşýar, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns berip, ýaş nesilleriň terbiýesi barada alada edýär. 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň ak mermerli täze binalar toplumynyň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi Watan goragçylarynyň buýsanjyny, olaryň döwletimize, halkymyza yhlasly gulluk etmäge bolan isleglerini artdyrýar. Harby gullukçylar Gahryman Arkadagymyzyň sargytdyr maslahatlaryny mukaddes harby borjy ýerine ýetirmekde ruhubelentligiň we çäksiz buýsanjyň çeşmesi hökmünde kabul edýärler.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümlerinde watançylyk terbiýesini alan ýaşlar gulluk edýärler. Olar gahryman pederlerimiziň, edermen ata-babalarymyzyň nusgalyk göreldesinden ruhlanyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň çäk bitewüliginiň, özbaşdaklygynyň goragyny üpjün edýärler. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň adyndan döwletimiz tarapyndan edilýän aladalar üçin aýratyn hoşallyk bildirip, maslahata gatnaşyjy wekil harby gullukçylaryň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişden buýsanç bilen geçjekdiklerini nygtady.

Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, harby gullukçy Watan goragçylarynyň ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk göreldesine eýerip, mähriban Diýarymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda polat gala bolup durjakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby S.Amanmyradow çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň ýaşlarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlady hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk ýoluny dowam etdirmegi ýaş nesli beýik işlere ruhlandyrýar. Röwşen geljegi gurmak, döretmek işine işjeň gatnaşmak biziň üçin mukaddes borçdur diýip, çykyş eden aýtdy. Türkmen ýaşlary halkara olimpiadalara, ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezip, medallara, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. 2023-nji ýylyň ahyrynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanan ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi ýaşlaryň kalbyna şatlyk paýlady. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge hyzmat edip, olary täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Ol çykyşynda asman jisimlerini öwrenýän “Kosmos-Ýer” jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine “Arkadag” diýip at berendikleri we bu baradaky güwänamanyň, teleskopyň hem-de onuň düşüren suratlarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy hakyndaky hoş habar barada-da durup geçdi.

Ilhalar mugallym Berdimuhamet Annaýewiň, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ömür ýollarynyň türkmen ýaşlary üçin watançylygyň ajaýyp nusgasydygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýörelgeleriniň ruhlandyryjy çeşmedigi bellenildi.

Maslahata gatnaşýan wekilleriň Halk Maslahatynyň şu gezekki taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütleri ruhubelentlik bilen garşylandyklaryny nygtan S.Amanmyradow ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge öz mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna ynandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, talyp çykyşyny watançylyk goşgusy bilen jemledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ara alyp maslahatlaşmalaryň jemini jemläp, şu günki taryhy mejlisde döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň örän möhüm soraglarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şolar boýunça çykyşlaryň diňlenilendigini, mejlisde çykyş edenleriň ählisiniň öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz çykyş edenleriň we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Soňra gysga wagtlyk arakesme yglan edildi. Arakesmeden soňra, Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanymyza söz berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy mähirli mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys diýip belledi hem-de hemmeleri bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri kesgitleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Biz döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Sebit we milli derejedäki maýa goýum taslamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz golaýda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döredendigini belledi. Biz geljekde hem maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işlerimizi dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Biz ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaklary üçin berilýän ýeňillikli karz we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberini yzygiderli artdyrýarys. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, goşmaça durmuş ýeňilliklerini döredýäris. Bu taryhy özgertmeleriň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu üstünlikler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwrebap şäherleriň, täze obalaryň gurluşyklary dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýylda-da üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 67,8 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 32,2 göterimi goýberildi. Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň maksatlaýyn peýdalanylmagy we özleşdirilmegi üpjün edildi. Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny giň gerimde ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýakynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary öz taryhy ähmiýeti bilen täze mümkinçilikleri açdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyny görkezýän taryhy wakalardyr.

Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Ahal hem-de Lebap welaýatlarynda her biri ýylda bir million tonna önüm öndürýän Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigini aýtdy. Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy birleşdirmek boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. Ahal — Balkan, Mary — Ahal, Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijileri işe girizildi. Bu bolsa içerki sarp edijilerimiziň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýakyn günlerde Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda gurlan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy geçiriler. Umuman, gurluşyk we senagat toplumynda täze önümçilikleri döretmek işi geljekde-de yzygiderli dowam etdiriler.

Biziň alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde Diýarymyzyň welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherleri durnukly ösdürilýär. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň bir ýyllygy ýokary derejede bellenildi. Ýakynda Koreýa Respublikasynda guralan halkara sergide bolsa Arkadag şäheri üç sany baýraga mynasyp boldy. Iň tapawutlanan “akylly” şäher hökmünde Arkadag şäherine baş baýragyň gowşurylmagy aýratyn buýsandyryjy wakadyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we mähriban halkymyzy bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň dowam etdirilýändigini belledi.

2026-njy ýyla çenli onuň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, senagat önümçiliklerine ýöriteleşdirilen desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berler. Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy geljekde hem dowam ederis. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygy bilen bagly meselä geçip, bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylandygyny belledi. Ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýygnalan bugdaý hasyly halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, bol galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat gallaçy daýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlady. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 150 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudagy-da ösdürilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ösüşiniň ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyrylýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Watanymyzda ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny yzygiderli artdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda-da asylly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Biz tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şu ýyl ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi bilen, ekologik abadançylyk üpjün edilýär. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy esasynda ýurdumyzda hereket edýän senagat kärhanalarynyň önümçiliginde metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hem toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamakda netijeli halkara gurala öwrüljek «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklipleriniň dünýäde uly goldaw tapandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan söwda toplumy bilen bagly meseleler barada durup geçip, «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýändigini aýtdy. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi we ugurlary artdyrylýar. Yzygiderli guralýan sergiler, maslahatlar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da möhüm özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Ýokary hilli harytlary öndürýän toplumlary gurup, halkara ülňülere laýyk gelýän eksport önümçiligini giňeldýäris. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek üçin zerur işler geçirilýär. Geljekde hem täze kärhanalary işe girizip, pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da berkitmegi dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, gysga döwrüň içinde guwandyryjy netijeleri gazanýandyklaryny, bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde telekeçileriň uly paýynyň bardygyny nygtap, geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag-kommunikasiýa toplumynda durmuşa geçirilýän işler barada durup geçip, bu ugurda-da netijeli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekdi. Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýurdumyzda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ulag-kommunikasiýalar toplumynda netijeli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligimizi doly ulanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Biz Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini giňeltmegi möhüm hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesini ösdürmek, daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Ýewropa ýurtlaryna çenli halkara multimodal ulag ugruny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeginde ulag-kommunikasiýalar toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şu ýyl biz Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň toplumyny ulanmaga bereris. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin gurlan, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy açylar. Biz ýurdumyzda ulag-kommunikasiýalar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işlerini mundan beýläk hem dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek, mekdep-gimnaziýalary açmak hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumy, Täjigistan Respublikasynda bolsa dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary ýaşlarymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy. Munuň özi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym ulgamy bilen bagly mesele barada durup geçip, bu ugurda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygynyň, abadan we bagtyýar durmuşynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler geljekde dünýä bazarlarynda uly orny eýelär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýakyn wagtda bolsa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana işe giriziler.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. “Arçman” şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn geljekde biz Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem-de Garagum sährasy boýunça «Amul — Hazar» halkara awtorallisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy, Kuraş boýunça dünýä çempionaty, hokkeý boýunça halkara ýaryş we beýleki halkara bäsleşikler üstünlikli geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz medeniýetiň we sungatyň halkymyzyň ruhy baýlygydygyny aýdyp, ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi şu ýyl sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirildi. Geljek ýylda bolsa bu özboluşly sungat baýramçylygy Ahal welaýatynda geçiriler. Biz döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin mundan beýläk-de ähli şertleri dörederis diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň ýadygärligini döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şanly ýylda ýurdumyzyň Änew şäheri hem «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ady buýsanç bilen göterýär. Bu şöhratly wakalaryň biri-biri bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli oktýabr aýynda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumynyň, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna guraljak beýleki giň gerimli çäreleriň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürjekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi, ýagny ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Geçen döwürde Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň 9-sy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Biz ÝUNESKO bilen alyp barýan işlerimizi geljekde has-da giňelderis. Şoňa görä-de, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, çaga sallançagyny bejermegiň däplerini we hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin degişli işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle hem gadymy Änew medeniýetiniň Altyndepe we Ulugdepe ýaly ösen merkezlerini, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Dehistanyň arheologik ýadygärliklerini, Köýtendagyň dag ekoulgamyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna; Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa guramanyň assosirlenen mekdepler toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmaly.

Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi hem Bitaraplygymyzyň bütin dünýä üçin nusgalykdygyny subut edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, biz dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen garşylamaga häzirden düýpli taýýarlyk görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen bagly mesele barada durup geçip, milli parlamentiň raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek babatda netijeli işleri alyp barýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmaly diýip hasaplaýarys. Täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we yzygiderli kämilleşdirip durmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýändigini nygtady. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurdumyzyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmelidiris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde, bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ählihalk forumyna gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza rowaçlyklary arzuw etdi.

«Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun! Ýaşasyn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri! Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemledi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar baradaky çykyşy uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem Garaşsyz Diýarymyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky resminamalara gol çekmegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol çekdi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ertir sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi.

Halk Maslahatynyň mejlisinde, däp bolşy ýaly, hormatly ýaşulularymyza we ene-mamalarymyza mynasyp bolan sylaglary gowşurylýar. Şoňa görä, Milli Liderimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi.

Permanlary okamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti, ýaşlary watançylyk, halkymyzyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýeländikleri üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurýar.

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy bilen kabul edip, zähmetine berlen ýokary baha, mähriban halkymyzyň abadan durmuşy barada edilýän ýadawsyz aladalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Önümçilik-ylmy tohumçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, akademik I.I.Kuzmine, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi A.S.Nurmuhammedowa we meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi S.Babaýewe döwletimiziň iň ýokary sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurýar.

Akademik I.Kuzmin ýokary sylag üçin sagbolsun aýdyp, häzirki wagtda okgunly ösýän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny belledi. Şeýle-de ol ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda döredilýän ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Golaýda Aşgabatda iri forumlaryň — GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisiniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolan A.S.Nurmuhammedowa we S.Babaýew hem, öz nobatlarynda, döwlet Baştutanymyza ägirt uly hormat-sarpasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, zähmetine berlen şeýle ýokary bahanyň olary mundan beýläk-de tutanýerli işlemäge ruhlandyrýandygyny, hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistana söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyrýandygyny nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde örän möhüm soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljekde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz ählihalk forumynyň gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşandyklary üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirip, biziň kabul eden milli maksatnamalarymyzyň baş maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekden ybaratdyr diýip belledi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli halkymyz bilen bilelikde bu beýik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Biz bu işlerde şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza, nurana geljegimize buýsanýan hem-de eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna öwrülen ýaşlarymyza bil baglaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy belent maksatlaryň daşynda jebisleşdirip, öňe alyp gitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň jemini jemläp, berkarar döwletimiziň gülläp ösüşini üpjün etmekde, bagtyýar durmuşyny gazanmakda uly wezipeleriň öňde durýandygyny aýtdy we amala aşyrylýan giň gerimli, tutumly işlere ýurdumyzyň her bir raýatynyň agzybirlikde, jebislikde gatnaşyp, mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan durmuş, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmençilikde köp nakyllaryň bardygyny aýdyp, “Ýagşy niýet — ýarym döwlet”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Agzybire Taňry biýr...”, “Köpüň dilegi köl bolar”, “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz”, “Arkalaşan dag aşar”, “Ýoly ýörän ýeňer”, “Ýagşydan at galar”, “Döwletliden döwlet ýokar”, “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn”, “Söýenişen ýykylmaz”, “Akylly iş — ganatly guş” ýaly parasatly sözleri mysal getirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, ertir agzybirlikde Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka bermek baradaky teklip bilen ýüzlendi. Bu teklip biragyzdan goldanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.

***

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soňra, Maslahat köşgüniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy, şeýle hem umumymilli forumda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady.

Soňra döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen Halk Maslahatynyň mejlisi mähriban halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Şeýle giň möçberli çäre jemgyýetimiziň mundan beýläk-de jebisleşmegine oňyn täsir edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, olara eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.