«Türki dilli ýurtlaryň milli saz gurallary» atly taslama 2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Halkara türki medeniýeti we mirasy gaznasy bilen Bakudaky Üzeýir Hajybeýli adyndaky sazçylyk akademiýasynyň arasynda baglaşylan Ähtnamanyň çäginde amala aşyryldy.
Ol «Türki dilli ýurtlaryň milli saz gurallary» atly atlasyň neşir edilmegini öz içine alýar. Onda türki dilli alty ýurduň 104 sany adaty saz guraly görkezilipdir. Taslamanyň maksady azerbaýjanly, türkiýeli, gazagystanly, özbegistanly, türkmenistanly we gyrgyzystanly alymlaryň şu halklaryň arasynda köp babatda meňzeş bolan saz gurallarynyň döreýiş taryhyny öwrenmek boýunça tagallalaryny birleşdirmekdir. «Türki dilli ýurtlaryň milli saz gurallary» atly atlas ruhy gymmatlyklaryň we milli däp-dessurlaryň umumylygyny görkezýär. Adygan sazşynaslar öz makalalarynda milli gurallaryň taryhynyň, ösüşiniň we ulanylyşynyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek bilen, atlasy taýýarlamak işine içgin gatnaşdylar.
Türkmen milli saz gurallarynyň taryhy we häzirki ýagdaýy baradaky materiallary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazynyň taryhy bölüminiň müdiri Bahargül Ýakubowa taýýarlady. Bahargül Ýakubowa öz materialynda türkmen saz sungatynyň gadymy döwürlerden gözbaş alandygyny belläp geçýär. Muňa Parfiýa ritonlaryndaky kakylyp, üflenip çalynýan we kirişli saz gurallarynyň şekilleri, şeýle hem Margiana, Merw we gadymy Nusaý şäherlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan sazandalaryň köp sanly toýun heýkeljikleri şaýatlyk edýär. Milli saz gurallary türkmeniň halk döredijiliginde we epik eserlerinde giňden beýan edilýär.
Türki arkalaşygy ýurtlarynyň saz gurallaryna degişli atlas ilkinji gezek neşir edilýär, özi-de has köp okyjy köpçüligine ýetirmek üçin, dört dilde taýýarlanypdyr. Atlas sazşynaslar, sazandalar, folklorçylar we giň okyjy köpçüligi üçin niýetlenipdir.