Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasy beden taýdan güýçli, ruhy we ahlak taýdan ösen, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli ýetişdirmäge gönükdirilen bu guramanyň döredilen senesi mynasybetli «Ýaşlar – ýurduň geljegi, ýaşlyk – ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, täze zehinleri ýüze çykarmak, şeýle hem olary döredijilik agtaryşlaryna we üstünliklere ylhamlandyrmakdyr. Bäsleşige döredijilik bilen gyzyklanýan 35 ýaşy dolmadyk ýaşlar çagyrylýar. Bäsleşik dürli ugurlar boýunça we žanrlarda ýazylan işleri kabul edýär. Her awtor ozal hiç ýerde çap edilmedik iki eserini hödürläp biler. Bu talap bäsleşige hödürlenýän işler üçin hökmanydyr. Bäsleşige gatnaşjaklara Ýaşlar guramasynyň resmi saýtynda berlen soragnama laýyklykda, iş ýa-da okuw ýerini, doly adyny, okuw ýylyny, telefon belgisini we e-poçta salgysyny görkezmek bilen, özleri barada maglumat bermek teklip edilýär. «Ýaşlar – ýurduň geljegi, ýaşlyk – ömrüň gülşeni» bäsleşigine diýen ýazgyly işler Aşgabat ş., 744000, Garaşsyzlyk şaýoly 104, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň redaksiýasyna iberilmelidir. Elektron salgysy: ArkadaglyYashlar@gmail.com.
Bäsleşige hödürlenýän işler 10-njy noýabra çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň netijeleri noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde yglan ediler. Ýeňijiler gymmatly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanar. Hödürlenen işleriň iň gowulary ýaşlar guramasynyň resmi saýtynda we «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynda çap ediler.