Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 1833

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň ogullary — kompaniýanyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, şeýle hem «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre bilen duşuşdy.

Işewürler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler hem-de öz atlaryndan we Marten Buigiň adyndan Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlap, türkmen halkynyň Milli Liderine uzak ömür, berk jan saglyk, giň gerimli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda türkmenistanlylaryň durmuş derejesini düýpgöter özgerden, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende göterilmegine kuwwatly itergi beren uly üstünliklere ýetildi.

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda meşhur fransuz kompaniýasynyň wekillerini kabul etmäge şatdygyny aýdyp, hoşniýetli gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de “Buig” kompaniýasynyň Baş direktoryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolan “Buig” kompaniýasynyň Türkmenistanda işläp başlanyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu döwrüň içinde kompaniýa tarapyndan paýtagtymyzyň keşbiniň has-da gözelleşmegine ýardam beren binagärlik taslamalarynyň tutuş toplumynyň durmuşa geçirilendigini aýtdy. Şunda ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem ýardam edendigi bellenildi.

Aşgabat sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki derejesini barha ynamly pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik toplumlarynyň üsti medeni-durmuş, dolandyryş, beýleki maksatly täze desgalar bilen yzygiderli ýetirilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny, tejribesini peýdalanmak, ekologik kadalary berjaý etmek üçin daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri fransiýaly hyzmatdaşlary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna we olaryň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga çagyrdy.

Işewürler ak mermerli Aşgabatda “Oguzkent” myhmanhanasynyň gurluşygynda Türkmenistanda işlemegiň oňyn tejribesini toplandyklaryny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de milli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň gurluşyk kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli taslamalary amala aşyrmakda “Buig” kompaniýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.

Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr hem-de “Buig” ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, bu kompaniýanyň şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tekliplerini öwrenmäge taýýardyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzda netijeli iş alyp barýandyklary üçin işewürlere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

“Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bildirilen ýokary ynam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.