2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine amala aşyrýan saparynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ÝHHG) Başlyklyk edýän Malta Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri, Ýan Borguň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar ÝHHG-nyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň guramanyň maksatlaryna we wezipelerine ýetmek babatyndaky goşandy bellenildi.
Türkmen tarapy bilen düzüm ýolbaşçylarynyň derejesindäki gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hususan-da, ÝHHG-a Başlyklyk edýän guramanyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlarynyň guralandygy üçin sagbolsun aýtdy.
Taraplar şu ýylyň ahyrynda geçiriljek ÝHHG-nyň agza ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetini bellediler.
Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Malta Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
***
Şol gün Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ozalky Baş sekretary, Ilçi Helga Şmid bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda sebit howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, sanlylaşdyrma, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça başlangyçlary nazara almak bilen, hanym Şmidiň Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy nygtaldy.
Öz nobatynda Ilçi Helga Şmid Türkmenistanyň oňyn goşandyny, ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.
Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.