Ï Nýu-Ýork şäherinde geçirilen duşuşykda parahatçylygy gurmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nýu-Ýork şäherinde geçirilen duşuşykda parahatçylygy gurmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2978
Nýu-Ýork şäherinde geçirilen duşuşykda parahatçylygy gurmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işine gatnaşýan Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Baş sekretaryň syýasy we parahatçylygy gurmak meseleleri boýunça orunbasary Rozmari A. Dikarlo bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   

Duşuşykda Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigi bellenildi.

Taraplar häzirki zaman sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, sebitde we tutuş dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak işinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň özara gatnaşyklarynyň, hususan-da BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) işiniň üsti bilen sebitde parahatçylygyň binýadyny, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy. MAÖDSM-nyň mümkinçiliklerini giňeltmek barada hem pikir alyşmalar geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan möhüm goşandy bellenildi. Türkmenistan Owganystana yzygiderli ynsanperwer ýüklerini iberýär, durmuş maksatly desgalary gurýar, ýerli ilata lukmançylyk ýardamyny berýär.

Taraplar BMG-niň degişli düzümleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanda geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen geljekki ädimlere hem garalyp geçildi.