Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik topary sirk sungatyny halaýanlar üçin Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çykyşyny taýýarlady.
Tomaşa orkestriň sazyna diňe artistleriň däl, eýsem, sirk haýwanlarynyň hersinden biri – poni, alabaý iti, maýmyn, köşek we hatda tawus guşy sirk meýdançasyna çykmagy bilen başlandy. Tawus guşy sirke täze geldi, entek onuň öz çykyşy taýyn däl, ýöne onuň üçin sirk meýdançasyna çykmagy tawusy meýdança, orkestriň sazyna we tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna uýgunlaşdyrmak sapagydy.
Däp bolşy ýaly, tomaşa parahatçylygyň, söýgüniň we ýagşylygyň nyşany bolan akja kepderileriň romantik çykyşy bilen açyldy. «Galkynyş» akrobat toparynyň täze çykyşy tomaşaçylary özüne çekdi. Çalasyn artistleriň haýran ediji çakganlygy, çeýeligi, gaýduwsyzlygy hemmäni özüne maýyl etdi.
«Ýedigen» tans ansamblynyň agzalary milli lybasdaky çykyşy indiki çykyşyň milli äheňde boljagynyň alamatydy. Şeýle-de boldy! Meýdança ýalpyldawuk halykly alty düýe çykýar. Arslan Annamyradowyň ýolbaşçylygynda oýunçylary öň aýaklarynda meýdançanyň gyrasyndaky pessejik germewden aýlandylar, olaryň biri tomaşaçylaryň öňünde öň aýaklarynyň dyzynda ýöräp, olaryň el çarpyşmasyny gazandy.
Haýwanlara tälim beriji Liliana Ýusupowanyň ýolbaşçylygynda dört maýmynyň çykyşam tomaşaçylary özüne bendi etdi. Olaryň biri poni aty çapdy, soňra bolsa beýleki maýmynlary hem poniň arkasyna mündirip, olary meýdançada aýlady.
Kaşaň geýnen masgarabaz Röwşen Meläýew täze çykyş taýýarlapdyr. Ol tans oýnana kimin ýeňil ýöräp, urulyp çalynýan saz gurallarynyň ýanyna bardy-da, deplerde ökde sazanda deý saz çalyp, tomaşaçylary aňk etdi. Röwşen tomaşaçylar bilen söhbet edip, olaryň göwnüni awlady.
Pena Myratdurdyýew sazandalaryň oturan ýerinden germeçden taýyp meýdança düşüp, tomaşaçylary güldürdi. Görmegeý masgarabaz hormat münberinden maýmynlary kowup çykardy-da, öz çykyşy üçin özüne 1-nji ýeri berdi.
Sirk çykyşynyň ikinji bölüminde Serdar Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparynyň ýigitleri çykyş etdiler. Owadan ahalteke bedewleri tomaşaçylara baş egip, nepis ýörüşleri we beýleki ajap oýunlary bilen özüne maýyl etdiler. Soňra ýigitleriň at üstündäki oýunlarynyň wagty geldi. Olar ýel kimin ýüwrük bedewlerde aşyr atyp, böküp münüp, bir-biriniň egnine münüp minara ýasap hem başga oýunlary görkezdiler. Olaryň edermenligi haýran galdyrýardy. Ýaşyl baýdak batyr çapyksuwarlaryň depesinde parlanda tomaşaçylaryň ýüreginde watanperwerlik duýgusy döredi.
Baýramçylyk çykyşy uly üstünlik gazandy. Tomaşada çykyş edenlere tomaşaçylaryň el çarpyşmalary munuň aýdyň subutnamasy boldy.