Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň 30-njy sentýabrda başlanan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksady bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilim we alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşygy artdyrmak, şeýle hem 2023-nji ýylda gol çekilen bilim pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek Ähtnamanyň çäginde täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmakdyr.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň orunbasarlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekillerinden ybarat. Saparyň maksatnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni meseleler boýunça býurosynyň wekilleri, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary we gepleşikleri öz içine alýar. Saparyň netijesiniň bilim pudagynda uzak möhletli we netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin berk binýat döretmegine garaşylýar.
Saparyň esasy nokady ABŞ-de bilim hyzmatlary bazaryndaky iň abraýly we islegli edaralaryň biri hasaplanýan Kent döwlet uniwersitetiniň (KDU) ýolbaşçylary bilen duşuşyk bolar. Onuň barşynda KDU bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriň arasynda degişli özara düşünişme Ähtnamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Bu, ileri tutulýan ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas döreder we Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmegine ýardam eder. Şeýle hem wekiliýet Türkmenistanda amerikan ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak mümkinçiligini we zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde uniwersitet wekilleriniň, türkmen talyplarynyň we bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň gatnaşmagynda beýik türkmen nusgawy akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirmek meýilleşdirilýär. Maksatnama şahyryň goşgularyny okamagy, şeýle hem türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegi öz içine alýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň ABŞ sapary ýokary bilim pudagynda mundan beýläk-de işleşjek abraýly edaralar we guramalar bilen aragatnaşygy ýola goýmaga ýardam eder.