Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde «Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi we milli Liderimiziň ylhamy – döwletliligiň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi.
Ol ýakynda, ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňýanynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda uly üstünliklere beslenip geçen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemlerine hem-de olaryň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy.
Maslahatda çykyş edenler, ilki bilen, Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň yzysüre, 1-nji oktýabrda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara gününiň bellenilýändigini nygtap, bu ajaýyp sene bilen Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ýurdumyzyň ýaşulularyny tüýs ýürekden gutladylar we iň päk arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle hem çykyş edenler Halk Maslahatynyň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» kabul eden Permanynyň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetli aýratynlyklaryndan ugur alyp, bu babatda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendigini nygtadylar.
Maslahatyň çäklerinde sergi hem ýaýbaňlandyrylyp, onda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna hem-de akyldar Magtymguly Pyragynyň çapdan çykan goşgular ýygyndylaryna uly orun berlipdir.
Şeýle hem sergide Arkadag şäheriniň belent üstünliklerini we mynasyp bolan halkara güwänamalaryny görkezýän gymmatlyklar, şol sanda ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «akylly» şäherleriň «World Smart City Expo» atly Bütindünýä sergisinde berkarar Watanymyzyň Arkadag «akylly» şäheriniň mynasyp bolan baýraklary goýlupdyr.