Ï «Ýaş tebigatçy» geçirilen surat bäsleşiginiň netijelerini jemledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaş tebigatçy» geçirilen surat bäsleşiginiň netijelerini jemledi

view-icon 2340
«Ýaş tebigatçy» geçirilen surat bäsleşiginiň netijelerini jemledi

Çaga döredijilik işleriniň we «Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin, näme edip bilerin?» temasy boýunça bäsleşigiň netijeleri jemlendi. 

Bu çäre daşky gurşaw barada maglumat ýaýratmak we ýurdumyzyň mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň ozon gatlagyny we Ýeriň howasyny goramak meseleleri boýunça habarlylygyny artdyrmak maksady bilen, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi tarapyndan geçirildi.

Döredijilik bäsleşigine aşgabatly we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen mekdep okuwçylary gatnaşdy. Okuwçylaryň arasynda yglan edilen surat bäsleşigine 80-den gowrak iş hödürlendi. Şolaryň arasynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Arslan Arturowyň işi «iň gowy iş» diýlip ykrar edilmek bilen, birinji orna mynasyp boldy. Surat üçin ikinji orun Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Batyr Soltanowa berildi. Üçünji orny paýtagtymyzdaky 46-njy orta mekdebiň okuwçylary – altynjy synp okuwçysy Jennet Amanowa bilen bäşinji synp okuwçysy Merjen Amanowa paýlaşdy.

Ýeňijiler gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy, ýaryşa işjeň gatnaşan ähli mekdep okuwçylaryna bolsa ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.