Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 2107

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Owgan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Türkmenistan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýär we dostlukly ýurt hökmünde Owganystan bilen gatnaşyklarda oňyn maksatlardan ugur alýar. Çylşyrymly pursatlarda owgan halkyna yzygiderli goldawlaryny berýär.

Pursatdan peýdalanyp, golaýda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, iki ýurduň arasyndaky deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm taslamalaryň ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,
Owganystanyň Premýer-ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, türkmen halkyna mundan beýläk-de abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasynda ýakyn dostluga, özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýändigimi bellemek isleýärin. Siziň Alyhezretiňiz bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga, halklarymyzyň arasyndaky raýdaşlygy, ýakyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki işlerimiziň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine umyt edýärin.

Hormatlamak bilen,

MOHAMMED VI,
Marokkonyň Patyşasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Karl XVI GUSTAW,
Şwesiýanyň Patyşasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Sloweniýa Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyzyň halkyna bolsa abadançylyk baradaky arzuwlarymy iberýärin.

Sloweniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan ýakyn we dostlukly gatnaşyklar netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin binýat bolup durýar. Dostlukly slowen-türkmen gatnaşyklarynyň geljekde-de ähli ulgamlarda netijeli ösdüriljekdigine we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Nataşa Pirs MUSAR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Sizi Slowakiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan ýurduňyzyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Slowakiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda mundan beýläk-de ösdürilmegini arzuw edýärin. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga ýakyndan ýardam berjekdigimi tassyklamaga şatdyryn.

Hormatly jenap Prezident, Size we ýurduňyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, rowaçlyk, parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Peter PELLEGRINI,
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Latwiýanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Türkmenistan Latwiýanyň ýakyn hyzmatdaşy we dostlukly ýurdudyr. Men ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýärin hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin gowy mümkinçilikler bar diýip hasaplaýaryn. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky işjeň dialogyň, hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak üçin täze ýollary açjakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we ýurduňyza parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Edgar RINKEWIÇ,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Siziň ajaýyp ýurduňyzyň ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetendigini nygtamak isleýärin.

Şu ýylyň mart aýynda bolan duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Onuň dowamynda biz Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşdyk. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygymyzy ýurduňyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine Sizi ýene-de bir gezek ynandyrmak isleýärin.

Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, ähli türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Zurab POLOLIKAŞWILI,
BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!

Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we ýurduňyzyň halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlamaga rugsat ediň! Bu dabaraly gün türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini, Türkmenistanyň abadançylygyň hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar.

Size we ýurduňyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň! Goý, Garaşsyzlyk Türkmenistanyň halkyny täze üstünliklere ruhlandyrsyn we has-da jebisleşdirsin! Türkmenistana parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin!

Çuňňur hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Ýewgeniýa GUSUL,
Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň başlygy.