Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Adam Miskewiç
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Adam Miskewiç

view-icon 2652
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Adam Miskewiç
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymgulynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri heýkelleri Magtymguly seýilgähini bezeýän ajaýyp şahsyýetleriň ömri hem-de döredijiligi bilen, mümkinçiligine görä, tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ol ýa-da beýleki şahsyýet barada habarlary, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli, olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz polşaly ýazyjy, şahyr, dramaturg, terbiýeçi we publisist Adam Miskewiç barada.

Polşada Adam Miskewiç romantizm döwrüniň polýak dilli beýik şahyrlarynyň biri hasaplanylýar. Ol XIX asyr polýak edebiýatynyň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi. Adam 1798-nji ýylyň 24-nji dekabrynda garyp düşen az mülkli ýer eýesi Nikolaý Miskewiçiň maşgalasynda dogulýar. Nowogrudyň Mihail Arhangel buthanasynyň ýanyndaky mekdepde bilim alyp, Wilen uniwersitetiniň fizika-matematika fakultetine (soňra slowesnyý fakultetine geçýär) okuwa giripdir. Okuwdan soň Kowno şäherinde mugallym bolup işläpdir.

1834-nji ýylyň 22-nji iýulynda Adam Miskewiç Selina Şimanowskaýa (meşhur pianinoçy we kompozitor Mariýa Şimanowskaýanyň gyzy) öýlenýär. Olaryň alty çagasy dünýä inýär.

Uzak bolmadyk wagt şahyr ilki Germaniýada, soňra Şweýsariýada we Italiýada ýaşapdyr.

1832-nji ýylda syýasy publisistika bilen meşgullanypdyr. 1839-1840-njy ýyllarda Lozannda latyn edebiýatyndan okadypdyr. 1840-njy ýylda Kolležde Fransda slowýan dil-edebiýatynyň ilkinji professory bolupdyr.

Adam Miskewiç 1855-nji ýylyň 26-njy noýabrynda aradan çykypdyr. 1890-njy ýylda Miskewiçiň jesediniň küli Krakowa geçirilipdir hem-de Wewelsk kafedral soborynda ýörite gaba ýerleşdirilipdir.

A.Miskewiçiň «Şäheriň gyşy» diýen ilkinji goşgusy 1818-nji ýylda Wilenskiň «Tygodnik Wilenski» gazetinde çap edilipdir. Adam Miskewiçiň 1834-nji ýylda Parižde neşir edilen «Pan Tadeuş» atly epiki poemasy şol döwrüň iň iri eseri boldy. Poemada owadan, ýöne taryhy taýdan duçar bolan şlýahetler ahlagynyň ýatlanylýan we gülküli keşbi döredilipdir. 1999-njy ýylda «Pan Tadeuş» polşaly režissýor Anjeý Waýdo tarapyndan filme düşürildi.

Adam Miskewiçiň ady köçelere, meýdançalara, liseýlere, kitaphanalara we institutlara dakyldy. Merkuridäki krater şahyryň hormatyna atlandyryldy.