Ï «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi

view-icon 2009
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň çawy dünýä dolan 33 ýyllyk toýy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinden gelip çykýan wezipeler neşiriň güýzüň ilkinji aýyndaky sanynyň esasy aýratynlyklarydyr.

Täze sanyň açylyş makalasy «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: döwlet bilen halkyň jebisligi» diýlip atlandyrylýar. Makalada taryhy mejlisden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ornuna aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk we ynanyşmagyň dünýäniň asudalygyna edýän oňyn täsiri barada aýdan sözleri we bu iki güýje bagyşlan meşhur şygry neşiriň indiki sahypalaryny bezeýär.

Üstümizdäki okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berlen Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan makala «Watanperwerligiň we merdanalygyň mekdebi» diýlip atlandyrylypdyr. Neşiriň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylýan ilkinji makalada bolsa ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen haklara sergide Arkadag şäheriniň mynasyp bolan abraýly baýraklary barada söz açylýar.

«Ylym-bilim dünýämize şamçyrag» atly makalada täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň dürli sebitlerinde açylyp, ulanylmaga berlen bilim we terbiýeçilik edaralary dogrusynda söhbet edilýär. Makalada bellenilişi ýaly, şol günlerde dostlukly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti obasynda ulanylmaga berlen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň dünýä jemgyýetçiligine hem ýaýylýandygyny görkezýär. Edil şol sahypalarda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň geçmişine, şu gününe we geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanan makala hem täsirli bolupdyr.

«Milli Garaşsyzlyk we ýaşlar» atly makalanyň awtory gozgalýan gürrüňi täsirli pikirleri bilen baýlaşdyrypdyr. «Pälwan pederleriň nesli» atly makalada bolsa ýaş türkmen pälwany Alp Arslan Begenjowyň täze üstünlikleri wasp edilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlaryň çykyşlary «Zamanaň bagtly ýaşlary» atly sözbaşy astynda berilýär. Neşiriň täze sanynda sentýabr aýynda geçirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanan makala hem orun berlipdir.

«Humaý saýasyny salmyş» atly makalanyň awtory Garaşsyzlyk baradaky pikirlerini sazlaşykly beýan edipdir. Hususan-da, «Ertekilerde gabat gelmejek, oýuňa-hyýalyňa-da getirip bolmajak bu bagt Garaşsyzlygyň düýp özeninden dömüp çykýandyr» diýen setirler has täsirli. Neşirde rus dilinde paýlaşylýan ilkinji makalada dünýä döwletlerinde olaryň Garaşsyzlygyna bagyşlanan binalar barada gürrüň berilýär. Ajaýyp döwrümizdäki bagtyýar çagalyk bolsa «Ajaýyp döwrümiziň gül-gunçalary» atly makalada wasp edilýär.

Okyjylar «Çagalar-biziň geljegimiz» (rus dilinde), «Ekologiýa medeniýetiniň esasy ýörelgeleri» atly makalalardan hem gyzykly maglumatlary alyp bilerler.

«Ýaşlar ylym dünýäsinde» atly tapgyryň täze makalalarynda pederlerimiziň binagärlik sungatyndaky aýratynlyklaryny ýüze çykaran we dünýäni özgertjek başlangyçlary taýýarlaýan ýaş alymlar barada gürrüň berilýär. Rus dilinde ýetirilýän indiki makalada sanly ulgamyň milli ykdysadyýeti ösdürmekdäki ornuna syn berilýär. Şol sahypalarda iňlis dilinde paýlaşylýan makalada bolsa psihologiýanyň käbir aýratynlyklary barada gürrüň berilýär.

«Okamak hemişe gerek», «Ynam güýçlimi ylym» atly makalalar ýaşlary täze maksatlara höweslendirmekde ähmiýetlidir. Okyjylar neşiriň täze sanyndan çeper döredijilige degişli eserleriň hem birnäçesini okap bilerler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň däbine eýerilip, neşirde akyldar şahyra bagyşlanan makalalar hem orun tapýar. «Nädip baýamaly?» we «Italiýa – taryhy ýadygärlikleriň mekany» atly makalalarda hem gyzykly maglumatlar köp. Ýaşlar neşiriniň täze sanynda döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy hem ýerleşdirilipdir. Şeýle hem okyjylar kädili güýz tagamynyň taýýarlanylyşy bilen hem tanşyp bilerler.

Neşir süňňündäki eserleriň täsirliligi we kämil dizaýnerçilik işi okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.