Ï Türkmenistan — Gazagystan: dostlukly halklaryň medeni dialogy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Gazagystan: dostlukly halklaryň medeni dialogy

view-icon 2434
Türkmenistan — Gazagystan: dostlukly halklaryň medeni dialogy
camera-icon
Hasan Magadow

Şu günler paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýunynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat wekilçilikli topar Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde doganlyk gazak halkyny Watanymyzyň medeni-ynsanperwer ulgamda gazananlary bilen tanyşdyrdy. Bu gün bolsa türkmen paýtagty Gazagystanyň medeniýet işgärlerini garşylady.

Medeniýet ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen-gazak medeni gatnaşyklarynyň ösüşi barada aýdylanda, iki ýurduň hemmetaraplaýyn işjeň dialogynyň kemala gelendigini, umumy taryh, ruhy gymmatlyklar hem-de ýörelgeler bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny bellemek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralýan bu gezekki medeni çäre iki halky has-da ýakynlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça şu ýylyň sentýabrynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Dostlukly ýurduň Baştutany bilen geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyz iki goňşy döwletiň gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini hem-de oňa täze depgin bermegi ugur edinýändiklerini, medeni-ynsanperwer ulgamyň hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, onuň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini belledi. Gazagystanyň paýtagty Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy hem-de Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Gazagystanyň meşhur döredijilik işgärleriniň biri, kompozitor, dombra saz guralynda gazak halk aýdymlaryny ýerine ýetiren Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi medeniýetiň, saz sungatynyň, şygryýetiň, umuman, döredijiligiň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli guraly bolup durýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyşmalar ýola goýuldy, onuň çäklerinde ylmy maslahatlar, iki ýurduň meşhur aýdymçylarynyň çykyşlary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleri gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde dostlukly ýurduň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürýärler.

Magtymgulynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy hazynasynyň, köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan özboluşly milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik türkmen şahyrynyň eserleri adamlary, esasan-da, ýaşlary belent ahlaklylyk, watançylyk ruhunda terbiýelemek ýaly uly wezipäni ýerine ýetirýär. Söz ussadynyň adamzat medeniýetiniň ruhy hazynasyna giren şygyrlary häzirki wagtda dünýäniň köp dillerinde belentden ýaňlanýar, ynsan kalbynda päk duýgulary oýarýar.

Dana Pyragynyň goşgulary parahatçylyk, ynsanperwerlik, asyllylyk, rehimdarlyk, hoşniýetlilik ýaly üýtgewsiz gymmatlyklara çagyryş bolmak bilen, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem özboluşly guraly hökmünde çykyş edýär. Umumadamzat ösüşine ägirt uly goşant goşan iki dostlukly halkyň taryhy-medeni, ruhy ýörelgeleriniň umumylygy şeýle gatnaşyklaryň mizemez binýadyny emele getirýär.

Medeniýet günleriniň baý maksatnamasy köpdürli çäreleri öz içine alýar hem-de gazak halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary we geljekki meýilleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýär. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, belli halk aýdymçylarydyr sazandalar, häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans toparlary, teatr sungatynyň işgärleri girýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň konserti tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle hem sahnada dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň simfoniýalary, kantatalary, folklor äheňleri ýerine ýetirildi. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň çykyşy boldy. Tomaşaçylar zehinli artistleriň ussatlygyny şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Kino sungatyna sarpa goýýanlar «Aşgabat» kinoteatrynda gazak kinematograflarynyň «Beýik ýaýlanyň säheri», «Paralimpiýaçy» atly kino filmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

9-njy oktýabrda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konsertine tomaşa edip bilerler. Medeni çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.

Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde guralýan çäreler türkmenistanlylary dostlukly halkyň köpöwüşginli baý medeniýeti bilen tanyşdyryp, halklarymyzyň taryhy we ruhy taýdan aýrylmaz baglanyşyklydygyny, olaryň mundan beýläk-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ugur edinýändiklerini nobatdaky gezek açyp görkezýär.