Ï Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy ýokary inženerçilik bilim babatda halkara maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy ýokary inženerçilik bilim babatda halkara maslahatyna gatnaşdy

view-icon 2743
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy ýokary inženerçilik bilim babatda halkara maslahatyna gatnaşdy

Daulet Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersitetinde «Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE: CTBP)» atly halkara maslahat geçirildi.

Çäre ýokary inženerçilik biliminiň gazananlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak hem-de ýokary okuw mekdeplerde inženerçilik we tehnologik dersleri okatmagyň usulyýetlerini gowulandyrmak maksady bilen, akademiki giňişlikde gatnaşyklary berkitmek üçin ylym we bilim ulgamynyň wekillerini, Gazagystanyň ýokary okuw mekdebiniň dürli ýurtlardan bolan hyzmatdaşlaryny bir ýere jemledi. Bilim maksatnamalarynda CDIO standartlarynyň ulanylyşyna, şeýle hem emeli aň we durnukly ösüş meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahatyň dowamynda Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Singapuryň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Günorta Koreýanyň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň meşhur alymlary, professorlary, rektorlary, mugallymlary çykyş etdiler.

Maslahatda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nanotehnologiýalar we materiallary öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Mukam Ekäýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Ol umumy mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanda inženerçilik bilimi ösdürmek we kämilleşdirmek, CDIO nusgasy boýunça okatmagyň hem-de tälim bermegiň innowasion okuw maksatnamalaryny we usulyýetlerini hem-de ýokary derejeli inžener işgärleri taýýarlamak üçin görülýän çäreler baradaky meseleleri giňişleýin beýan etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar inženerçilik biliminiň hilini ýokarlandyrmak, inžener işgärleri we häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny güwälendirmek maksady bilen, senagat taýdan ösüş, inženerçilik-tehniki işgärleri taýýarlamak, halkara başlangyçlara ýardam bermek üçin inženerçilik, bilimini özgerdilmegine degişli meseleleri maslahatlaşdylar.

Strategik hünär derejeler, taslama menejmenti, inženerçilik bezegi we durnukly bilim tehnologiýalary boýunça, şeýle hem inženerçilik biliminiň usulyýeti we iş ýüzünde CDIO standartlaryny ulanmak boýunça ussatlyk sapaklary maslahatyň maksatnamasyna girdi.

Maslahata gatnaşyjylar üçin Daulet Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersitetiniň merkezleri we barlaghanalary boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy.

CDIO – innowasion inženerçilik bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň bütindünýä ulgamy bolup, dünýäniň 35 ýurdundan 200-den gowrak ýokary okuw mekdeplerini özünde birleşdirýär. CDIO (Conceive — Design — Implement — Operate) başlangyjy bilim maksatnamasy hökmünde bolup, onuň esasynda talyplaryň inženerçilik hünärini «Meýilleşdirmek – Taslama düzmek – Öndürmek – Ulanmak» nusgasyna laýyklykda, halkara derejesinde anyk ulgamlaryny, işlerini we önümlerini özleşdirip bilmeklerini gazanmak maksady durýar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-nji ýylyň martynda Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde ilkinji bolup CDIO guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilen ýokary okuw mekdebi boldy. Türkmen ýokary okuw mekdebi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli ylmy-amaly maslahatlara we bilim çärelerine işjeň gatnaşyp, akademiki hem-de ylym ulgamlarynda kämillige ymtylýandygyny görkezýär.

CDIO-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak türkmen wekiliýetiniň Gazagystana bolan saparynyň esasy maksady boldy.