Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 1649
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz çakylygy kabul edip, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Eýranyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik we gutlaglar üçin hoşallygyny beýan edip, EYR-nyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz EYR-nyň Beýik ruhy liderine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, belent mertebeli myhmanyň Eýranyň täze saýlanan Prezidenti hökmünde Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyz öz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Eýran bilen dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary alyp barýar.

Açyklyk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli meseleler, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Bu ugurda iki ýurduň parlamentara dostluk topary hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde uly orun eýeleýän bu toparyň mejlislerini yzygiderli geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu düzümlerde birek-biregiň başlangyçlaryna goldaw bermek asylly däbe öwrüldi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki wagta bu gatnaşyklar durnukly ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga-da aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary aýratyn nygtamak bolar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilendigi we Eýranyň wekilleriniň bu çärelere işjeň gatnaşandygy üçin eýran tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.