Ï Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirer

view-icon 2219
Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirer

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hasaba alynýar.

Halkara foruma professorlar, aspirantlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem bilermenler, ylym edaralarynyň, senagat kärhanalarynyň, Türkmenistanyň pudaklaýyn kompaniýalarynyň we daşary ýurtlaryň hünärmenleri çagyrylýar.

Maslahat uniwersitetde 13-nji noýabrda türkmen, rus we iňlis dillerinde onlaýn görnüşde geçiriler. Çärä ýokary okuw mekdepleriniň hersinden 1 professor we 1 talyp, şeýle hem gatnaşyjy guramanyň her birinden 1 wekili gatnaşyp biler.

Ylmy hasabatlaryň materiallaryny HNweGU-niň saýtynda ýerleşdirilen düzgünlere laýyklykda tezisleriň elektron ýygyndysy görnüşinde neşir edilmegi meýilleşdirilýär.

Maslahata gatnaşmak isleýänler 20-nji oktýabra çenli ýokarda agzalan uniwersitetiň saýtynda çykyş etjekleri hasaba alyş resminamany doldurmaly we tezisler bilen birlikde guramaçylyk komitetine hngu.ylmymaslahat@gmail.com elektron poçta ibermeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 39 13 03; +993 12 39 13 36; +993 12 39 14 47; +993 65 87 80 16; +993 65 88 54 45; +993 65 67 51 31.

Forum Türkmenistanyň ýaşlarynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygy strategiýasynda, Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen konsepsiýalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Guramaçylyk komiteti geljekki maslahatyň ylmy çekişmeler we netijeli duşuşyklar üçin täsirli meýdança boljakdygyna, dünýäniň dürli künjeginden gyzyklanýan gatnaşyjylary birleşdirjekdigine we gymmatly tejribe alyşmaga, öz ugry boýunça pikirlerini we ideýalaryny alyşmagyna, şeýle hem durnukly gelejek üçin oňyn çözgütleri tapmaga, şeýle hem ylym we bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirmäge ýardam etjek täze peýdaly gatnaşyklary gurmaga, mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirýär.