Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 142 müň dollaryna golaý boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 142 müň dollaryna golaý boldy

view-icon 2142

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda  arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem  Türkiýäniň telekeçileri pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 142 müň dollaryna golaý boldy.

Ýurdumyzyň  işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 821 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.