Ï Daşary işler ministrligindäki brifing
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary işler ministrligindäki brifing

view-icon 2075
Daşary işler ministrligindäki brifing
Daşary işler ministrligindäki brifing
Daşary işler ministrligindäki brifing
Daşary işler ministrligindäki brifing

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen halkara forumyň ýokary wekilçilikli düzümi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Bellenilişi ýaly, akyldar şahyryň ynsanperwer garaýyşlary beýleki halklara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hem mazmunyny emele getirip, tutuş dünýäde dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri wagyz edip, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň dialog we ynanyşmak arkaly parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalary halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýar. BMG bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň bu ýörelgelere berk ygrarlydygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy birnäçe Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde halkara giňişlikdäki ornuny has-da berkitdi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, akyldar şahyryň hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Onuň eserleri jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär. Söz ussadynyň eserleriniň daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Köp sanly daşary ýurt alymlary şahyryň döredijiligine bagyşlap, ylmy işleri ýazdylar hem-de onuň edebi mirasyny dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşdular. Bu gün Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýäniň halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň ilçisine öwrüldi. Dana Pyragynyň döredijiligi adamkärçiligiň we ahlak päkliginiň nyşany bolup durýar. Şahyr öz goşgularynda watansöýüjilige, ynsanperwerlige çagyrypdyr. Beýik akyldaryň bu taglymlary häzirki nesiller üçin gymmatly miras bolmak bilen, onuň döredijiligi döwürleriň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

Şeýlelikde, şu günki brifing Magtymguly Pyragynyň şöhratyny artdyrmaga, onuň döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has-da giňişleýin tanatmaga gönükdirilen işleriň aýdyň beýany boldy.