Ï Türkmen kinoçylarynyň täze işi «Gorkut ata» şadessanyna esaslanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kinoçylarynyň täze işi «Gorkut ata» şadessanyna esaslanýar

view-icon 2317
Türkmen kinoçylarynyň täze işi «Gorkut ata» şadessanyna esaslanýar

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi noýabr aýynyň başynda Türkmenistanda geçiriljek «Gorkut ata» halkara film festiwalyna depginli taýýarlyk görýär.

Türki dünýäsiniň «Gorkut ata» film festiwaly nesilden-nesle geçip, geçmişden şu güne gelen pikirler, hekaýalar, hekaýatlar, ertekiler we taglymatlar arkaly häzirki durmuşda ýagşylyk düşünjesiniň kabul edilmegini gazanmak bilen adamzat gymmatlyklaryny geljekki nesiller üçin berkitmäge we gorap saklamaga, gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, bu festiwal üçin surata düşürilýan filmleriň arasynda şu günler işi tamamlanyp barýan bir film aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu türkmen režissýory Myrat Orazowyň çeper filmidir, onuň edebi esasy halkymyzyň arasynda «Gorkut ata» ady bilen tanalýan gadymy oguz eposynyň bäşinji boýudyr. Hünärmenleriň pikiriçe, bu epos halk şygryýetiniň dowamly ösüşiniň netijesidir we ideologiýa, mowzuk hem çeperçilik taýdan baýlygydyr dil aýratynlyklary bilen türk dünýäsiniň edebi eserleriniň çygryndan has daşary çykýar. Onda gadymy oguzlaryň – türkmen halkynyň we beýleki türki halklarynyň ata-babalarynyň durmuş terzi, medeniýeti, däp-dessurlary, urp-adatlary we ruhy dünýäsi barada gymmatly taryhy maglumatlar bar.

Filmiň edebi ýazgysy Ýer ýüzünde güýçlülikde özüne taý ýokdur öýdýän we mundan beýläk hiç kimiň janyny almazlygy üçin ölüm perişdesi Ezraýyl bilen garpyşmaga het eden edermen Domrul («Däli Domrul») atly boý esasynda ýazylypdyr. Domrulyň hetdenaşa tekepbirligi Allatagalanyň hoşuna gelmeýär, şonuň üçin-de ol Ezraýyla bu batyryň janyny almagy buýurýar. Domrulyň özüni halas etmek baradaky haýyşyna Ezraýyl diňe jan berýän we jany alýan gudraty güýçli Alla tarapyn iberilendigini aýdýar.

Domrul köp sogap iş etjekdigini wada bereninde, Alla Ezraýyla ony aman goýmagy buýurýar, ýöne munuň öwezine başga biriniň janyny talap edýär. Domrulyň atasydyr enesi ogly üçin özlerini gurban etmäge razy bolmaýarlar, diňe aýaly – ýaş gelin onuň üçin janyny bermäge taýýardygyny aýdýar, sebäbi ol bu durmuşy söýgüli ýarsyz we çagalaryny atasyz göz öňüne getirip bilmeýär. Emma gelniň wepalylygyna rehimi inen Alla onuň ruhuny kabul etmeýär, gaýta wepaly är-aýala ýüz kyrk ýyl ömür berýär.

Filmde türkmen halkynyň taryhynda parasatly hekaýatçy, bilimleri, urp-adatlary we däp-dessurlary saklaýjy hökmünde halka milli şahsyýetini goramaga mümkinçilik berýän meşhur Gorkut atanyň keşbi-de döredilipdir. Bilşimiz ýaly, onuň heýkeli Türkmenistanyň Garaşsyzlyk seýilgähindäki ýadygärlikler toplumyndaky milli gahrymanlaryň ýadygärlikleriniň arasynda oturdyldy.