Ï Türkmen alymlary Moskwada geçen suwy ulanmak baradaky maslahata gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alymlary Moskwada geçen suwy ulanmak baradaky maslahata gatnaşdylar

view-icon 2141
Türkmen alymlary Moskwada geçen suwy ulanmak baradaky maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanly wekiller wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly garyşyk görnüşde geçen halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.

Bu maslahat Russiýa Ylymlar akademiýasynyň 300 ýyllygyna, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň Federal Döwlet býujetindäki ylmy institutynyň A.N.Kostýakow adyndaky «Gidrotehnika we suwaryş ylmy merkeziniň» (VNIIGiM, Moskwa) 100 ýyllygyna gabatlap geçirildi. Bu merkez bilen türkmen gidrotehnikasynyň döremegi we Garagum derýasynyň gurluşygy baglanyşyklydyr.

Maslahata biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmenistanyň  Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat  dünýäsi milli  institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdy. Taýýarlanan tanyşdyryş çykyşlar Türkmenistanyň serhetýaka zolaklaryndaky hatardan çykan ýerlere gözegçilik edilişine we olaryň dikeldilişine, Günorta-Günbatar Köpetdagda ösýän ýabany miweli ösümlikleriň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töweregindäki ösümlikleriň hemmetaraplaýyn derňewine bagyşlanypdyr.

Suwy köp babatda ulanmak temasy maslahatyň esasy meselesi boldy.

Biziň sebitimiziň alymlaryny hemmetaraplaýyn suwaryşy esaslandyrmak, tohumçylyk üçin ýerleri suwarmak boýunça bilim we ylmy tejribelik ýerleri döretmek, gidromelioratiw ulgamlar ulanylanda, suwaryşy sazlaýjy maglumat-hasaplaýyş kompleksiniň PTK-sy we suwdan peýdalanmagy meýilleşdirmek üçin biosfera taýdan tebigatdan peýdalanmagy ara alyp maslahatlaşmak meseleleri gyzyklandyrdy.

Maslahatda, şeýle hem kyn tebigy şertlerde liman suwaryş ulgamlaryny ulanyp, ot-iým önümçiliginiň ösdürilmegi, basymsyz, erkin akym damjalaýyn suwaryş ulgamynda gidrawlik usulda dolandyrylýan damdyryjynyň işi, suwuk organiki dökünler ulanylanda, topragy suwarmak üçin inženerçilik çözgütler we LHT-4 traktoryň kuwwaty saýlanyp alnanda, üns bermeli gidrawlik ulgam barada-da gürrüň edildi.

Suw hojalygy, suwaryş we gidrotehniki desgalaryň gurluşygy boýunça ylmy jemgyýetiň wekilleri dürli ýurtlardan gelen kärdeşleriniň işleri bilen tanyşmaga, gazananlaryny görkezmäge, ösüşlerini, pikirlerini we taslamalaryny teklip etmäge mümkinçilik aldylar.