Ï Oba hojalygynyň möhüm meseleleri halkara barlaglaryň üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba hojalygynyň möhüm meseleleri halkara barlaglaryň üns merkezinde

view-icon 3136

Şu gün Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi öz işine başlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy.

Iki günläp dowam etjek bäsleşigiň öňüsyrasynda Watanymyzyň ösüşlerini, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalygy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi guraldy. Soňra bäsleşik barada maglumatlary özünde jemleýän wideoşekiller görkezildi. Munuň özi umumy maksatlara ýetmek üçin ylmyň we bilimiň özara baglanyşygynyň aýdyň beýany boldy.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu giň gerimli bäsleşik pikir alyşmak we täze ylmy açyşlardyr oýlap tapyşlar üçin netijeli meýdança öwrüldi. Munuň özi ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş alymlar üçin zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, dünýä derejesinde özüni ykrar etdirmäge ajaýyp mümkinçilikdir. Çykyş edenler halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde oba hojalygy pudagynyň has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny bellediler. Howanyň üýtgemegi, ekologik abadançylyk we beýleki ählumumy meseleler dünýä alymlarynyň tagallalaryny birleşdirmeklerini talap edýär. Tejribe, bilim, tehnologiýalar boýunça alyşmalar azyk howpsuzlygyny, oba ýerleriniň durnukly ösüşini üpjün etmekde täze çemeleşmeleri hem-de çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, bäsleşige hödürlenen taslamalaryň ýaşlary oba hojalygy pudagynda we ylmynda has uly üstünliklere ýetmäge höweslendirjekdigine ynam bildirildi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara ylmy-taslama bäsleşigi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde oba hojalygy pudagynda ýüze çykýan möhüm meseleleri öwrenmek we çözmek üçin talyplaryň ylmy garaýyşlaryny, ukyp-başarnyklaryny, döredijilikli çemeleşmelerini ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, ylmy-taslama işlerine taýýarlygynyň dowamynda talyplar diňe bir gözýetimlerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, pudagy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň derwaýys meselelerine ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýetine-de göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Şeýle-de oba hojalygy üçin innowasion, amaly çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagy ýaşlaryň takyk ylymlara, ýokary tehnologiýalara, inženerçilige, matematika gyzyklanmasyny artdyrdy.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda tabşyrylan ähli ylmy-taslama işleri emin agzalarynyň topary tarapyndan içgin seljerildi. Ikinji tapgyrda eminleriň garamagyna oba hojalyk taslamalary (innowasion häsiýete eýe bolan ýa-da bar bolan görnüşlerden netijeliligi bilen tapawutlanýan oýlap tapyşlar), maglumat tehnologiýalary taslamalary (programma üpjünçiligi, şol sanda web hyzmatlar, mobil, desktop goşundylar, çat botlar) we işewürlik taslamalary (işewürlik meýilnamalary, maliýe resminamalary) ýaly ileri tutulýan ugurlaryň 3-si boýunça saýlanan iň gowy işleriň 150-si hödürlenildi. Hödürlenen işleriň üçden biri Russiýa Federasiýasy, Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ýaponiýa, Botswana, Germaniýa ýaly 9 ýurtdan bolan 26 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň işleridir. 100-e golaý iş bolsa ýurdumyzyň 16 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna degişlidir.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjylaryň her birine düzümine Türkmen oba hojalyk institutyndan bäsleşigi geçirmek boýunça jogapkärler, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleri, oba hojalyk pudagy boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarydyr ylmy işgärleri girýän Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde sanly ulgam arkaly öz ylmy-taslama işleri bilen çykyş etmäge mümkinçilik dörediler. Ähli görkezijiler boýunça toplanan utuklaryň jemleri esasynda her ugurdan I, II we III orunlar kesgitleniler. Gozgalýan meseläniň wajyplygy, maglumatlaryň baý mazmuny we peýdalylygy, köpçülige niýetlenmegi (haçanda taslama jemgyýetiň aglaba bölegine täsir edýän meseläni çözmäge gönükdirilende), daşky gurşawa täsirini nazara almak bilen, hödürlenen taslamanyň täzeçilligi esasy talaplar bolup durýar.

Bäsleşigiň netijeleri 17-nji oktýabrda — onuň jemleýji tapgyry tamamlanandan soňra belli bolar. Ýeňijiler degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.

Mälim bolşy ýaly, döwletimiz milli ykdysadyýetiň bu esasy pudagynyň sazlaşykly we toplumlaýyn ösmegine gönükdirilen köp sanly çäreleri kesgitledi. Bu çäreler oba hojalyk önümleriniň bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa önümçiligini ýola goýmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw tygşytlaýjy enjamlaryň köpçülikleýin ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça düýpli barlaglary geçirmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Ylym — bahasyna ýetip bolmajak baýlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara abraýy has-da belende galýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň kuwwatynyň we gülläp ösüşiniň mizemez binýadydyr. Innowasion ösüş we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýoluna düşen ýurdumyzda ýokary derejeli, hemmetaraplaýyn kämil bilimli hünärmenleri ýetişdirýän ýokary hilli bilim ulgamy kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň artdyrylmagyna, möhüm ylmy barlaglary alyp barmak üçin şertleri döretmäge, geljegi uly ugurlarda olaryň gözýetimini giňeltmäge aýratyn üns berilýär.

Talyplar oba hojalygynyň möhüm meselelerini çözmekde bu zehin bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, dünýä halklarynyň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerini ýola goýmaga ýardam berýän ýaşlar hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen köpugurly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle çäreleriň geçirilmegi dünýäniň ylym-bilim giňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek bilen bir hatarda, Watanymyzyň geljegini gurujylar bolan ýaşlarymyzyň durmuş işjeňliginiň, ylmyň, bilimiň öňdebaryjy gazananlaryna gyzyklanmalarynyň ýokarlanmagyna, möhüm ugurlar boýunça daşary ýurtly deň-duşlary bilen özara pikir alyşmaklaryna, ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaklaryna şert döreder.