Ï Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady

view-icon 1517
Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdaky mejlisi  öz işine başlady

Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Fransiýanyň Paýtagty Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 220-nji mejlisi  öz işine başlady. Çäräniň dowamynda Ýerine ýetiriji geňeşiň we Baş maslahatyň öňki mejlislerinde kabul edilen kararlarynyň we rezolýusiýalarynyň ýerine ýetirilmegine degişli maliýe, administratiw we beýleki gün tertibiniň 30-dan gowrak meselelerine garalar.

14-nji oktýabrda Ýerine ýetiriji geňeşiň mejlisinde bu gurama agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň däp bolan iki günlük duşuşygy açyldy. Türkmen tarapyna Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli  toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa wekilçilik edýärler.

Duşuşygyň umumy mejlisinde ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika we daşary gatnaşyklary boýunça orunbasary jenap Eduard Motoko, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeni meseleler boýunça orunbasary jenap Ernesto Ottone, şeýle hem  ÝUNESKO-nyň medeniýet pudagynda aragatnaşyk, şäherler we çäreler bölüminiň, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherler ulgamynyň utgaşdyryş bölüminiň direktory hanym Denis Baks çykyş etdiler.

Mejlisde  möhüm meseleler, şol sanda  sammitiň netijelerine ara alnyp maslahatlaşyldy, onda  köptaraplaýyn başlangyçlara we çözgütlere, şeýle hem ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherler ulgamyna goşulan şäherleriň  özara gatnaşyk tejribesini gowulandyrmaga aýratyn üns berilýär.

Mejlisiň birinji güni Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasy ÝUNESKO-nyň edarasynda günortanlyk naharyny berdi, oňa ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekiller, ilçiler we TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Baş sekretarlary çagyryldy. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň 10-njy mejlisinde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.  Ol, şeýle hem sebit ýurtlarynyň gadymy ýadygärliklerini gorap saklamak we wagyz etmek hem-de ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek baradaky tagallalaryny birleşdirmek boýunça birnäçe teklip girizdi.

Mejlisiň çäklerinde türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasyny goramak barada Konwensiýasynyň sekretary Fumika Ohinata we döredijilik şäherler ulgamynyň baştutany hanym Denis Baks bilen duşuşyklar geçirdi, olarda özara hereketiň häzirki meseleleri, şeýle hem  geljek döwür üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlis ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň ÝUNESKO-nyň maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilişine goşant goşmak islegini görkezdi.

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisiniň işi şu ýylyň 23-nji oktýabryna çenli dowam eder.