Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň goldamagynda 15-nji we 16-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşýarlar. Maslahat BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyna gatnaşýan ýurtlaryň milli wekiliýetleriniň mümkinçiliklerini berkitmekden ybaratdyr.
Stambuldaky duşuşyk guramaçylyk meselelerini çözmek, gün tertibini meýilleşdirmek, COP-29-yň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemleýji mejlisdir. Bu ýerde howanyň gün tertibinde esasy meseleler, olaryň ylmy esaslary, mitigasiýa usullary (ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak) we howanyň maliýeleşdirilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Zyňyndylary azaltmak we ählumumy uglerod bazarlary diýlip atlandyrylýan halkara tagallalarynda möhüm orun tutýan howa boýunça Pariž ylalaşygynyň (2015-nji ýylda gol çekilen, 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan) 6-njy maddasyna aýratyn üns berildi. Çärä gatnaşanlar bu ugurdaky soňky ählumumy ýörelgeler bilen tanyşdylar we ýurtlara, şol sanda Türkmenistana halkara uglerod söwdasyna netijeli gatnaşmaga kömek etjek tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlislerde BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň mitigasiýa we uýgunlaşma degişli soňky hasabatlarynyň netijeleri, COP-28 netijeleri we COP-29-da ileri tutulýan ugurlar, dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň häzirki ýagdaýy, geljekde geçiriljek gepleşikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň şeýle çärelere gatnaşmagy diňe bir ýurdumyzyň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrmaga däl, eýsem, ählumumy başlangyçlary howanyň üýtgemegi babatynda ileri tutulýan milli ugurlara uýgunlaşdyrmaga kömek edýär.