Ï Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýär

view-icon 123
Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hormatyna bagyşlanan baýramyň bütin dünýäni gurşap alandygy baradaky sözüni şu ýylyň köp wakasy tassyklaýar. 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bu wakalaryň arasynda aýratyn orna eýedir.

Türkmen akyldarynyň şahsyýetiniň we döredijiliginiň bütindünýä ähmiýetiniň bu forumda ykrar edilmegi şygryýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýän parahatçylyk, agzybirlik, adalatlylyk, ynsanperwerlik ideallarynyň öçmez-ýitmez gymmatyny ýer ýüzündäki millionlarça adama köp ýurduň diňe milli habar beriş serişdeleri däl, eýsem bu maslahat barada iňlis dilinde taýýarlan wideofilmini dünýä tomaşaçylaryna hödürlän bütindünýä habar beriş serişdeleriniň biri «Euronews» hem ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz forumda eden çykyşynda: «Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar» diýip, belledi. Hut şu-da Aşgabat forumynyň nygtaýan esasy zatlarynyň biri, Magtymgulynyň mirasyny diňe bir milli buýsanjyň nyşany hökmünde däl-de, eýsem özüniň diplomatik strategiýasyny durmuşa geçirmekde täsirli gural hasaplaýan Bitarap Türkmenistanyň durnukly ornunyň beýanydyr. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilen parahatçylyk diplomatiýasy we Türkmenistanyň Bitaraplyk diplomatiýasy ýurduň we onuň ruhy hem medeni gymmatlyklaryny döreden halkynyň medeni hem syýasy taýdan birligini kesgitleýär.

Magtymguly Pyragy görnükli serkerde ýa-da serdar bolmandyr, ýöne ol has abraýly we ähmiýetli şahsyýet, bu günki gün bütin dünýäde ýaňlanýan sesini bagyş eden beýik şahyr, öz halkynyň oý-hyýallarynyň we arzuwlarynyň beýan edijisi boldy. Rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň sazy ýaly, Magtymgulynyň şygryýeti iň çylşyrymly meseleleriň we dawa-jenjelleriň çözgütlerini parahatlyk ýoly bilen tapmagy öwredýär. Köp syýahat edip, köp öwrenen we ömründe köp zatlary başdan geçiren şahyryň eserlerindäki pähim-paýhas türkmen halkynyň kalbynda çuňňur seslenme tapdy, beýik galkynyşlaryň we batly pese düşmeleriň köp asyrlyk taryhy arkaly parahatçylyga we agzybirlige gülläp ösmegiň esasy hökmünde baha bermegi öwrenen milletiň aňyýetini döretdi.

Türkmenistanyň häzirki zamanda tutuş dünýä Magtymgulynyň parahatçylyk dörediji we ynsanperwer sözlerini ýetirmäge synanyşmagy, ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden ýylynyň, ýagny 2025-nji ýylyň bosagasynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ýetip gelýän ýylyň başlangyjy bolan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow durnukly ösüşiň we umumy abadançylygyň bähbidine ýurdumyzyň parahatlyk we düýpli hyzmatdaşlygyň ideallaryna berk ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz, şeýle hem «Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletliligimizi mundan beýläk-de berkideris. Beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys» diýip nygtady.