Gazagystan Respublikasynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky Mangistau welaýat sazly-drama teatry Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna «Guýy» sahna oýnuny hödürledi. Spektakl gazak ýazyjysy A.Kekibaýewiň hakykatdan-da bolup geçen wakalar esasynda ýazylan adybir powesti boýunça sahnalaşdyryldy.
Guýynyň çöldäki ähmiýeti nämede? Ol töwerekdäki ähli janly-jandarlar üçin ýaşaýşyň özüdir. Gazak teatrynyň döredijilik topary muny sahnada ynandyryjylykly görkezdi. Spektaklyň gahrymanlary – şatlyklary we gynançlary bilen guýynyň gapdalynda ýaşaýan adamlar göz açyp-ýumasy salymda teşneligini gandyrmak üçin bu ýere gelýärler.
Spektaklda üýtgeşik pursatlar az däldi.