Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda köp garaşylan «Saňa ýetermi owazym?» spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy. Ol Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň adybir eseri esasynda sahnalaşdyryldy.
Söýgi, wepa we adamlaryň gatnaşyklarynyň gymmaty hakyndaky spektakl iki gahrymanyň – erkek kişidir zenan maşgalanyň ykbaly arkaly olaryň ömürboýy gatnaşyklary barada gürrüň berýär. Ýaşlykda başlanan bu duýgy dürli durmuş ýagdaýlaryna duçar bolsa-da, hatlar arkaly ara daş bolsa-da, aşyk ýürekleri birleşdirýär.
Oýun goýujy režisýor Guwanç Baýmedow esere täzeçe çemeleşip, gahrymanlaryň içki dünýäsini, olaryň duýgy-gussasyny we isleglerini görkezmek üçin teatra mahsus nyşanlary ulanýar. Ol tomaşaçylara diňe sahnadaky wakalara syn etmän, eýsem, öz içki dünýäleri bilen söhbet etmäge hem mümkinçilik berýär.
Şeýle nyşanlaryň biri-de şemdir. Bu Pasternagyň «Stolda şem ýanýardy. Şem ýanýardy» setirini ýada salýar. Göçme manyda şem muhabbetli pursatlary we umydy aňladýan durmuş nyşanydyr, ýogsa oduň özi juda ejiz we ynjyk zat. Onuň goşa manysy durmuşyň gymmatyny, onuň gözelligini we şol bir wagtyň özünde gysgalygyny nygtap, her pursadyň wagtyň pidasy boljakdygyny ýatladýar.
Režssýor Guwanç Baýmedow:
– Tomaşaçylaryň spektaklyň çuňňur filosofiki manysyna düşünip, täze sahna oýnumyza gowy baha berendigine begenýärin. Käteler nähili bolanda-da, birek-biregiň gadryny bilmelidigimizi we bir-birimizi söýmelidigimizi ýatdan çykarýarys. Men ömrüň ahyryna çenli öçmeýän we islendik synaga çydamly päk söýgi hakda gürrüň bermek isledim – diýdi.
Esasy rollary teatryň ýaş aktýorlary – Begli Dowlyýew (Wepa) we Ogulgerek Şyhyýewa (Melek) ýerine ýetirýärler.
Täze spektakl, esasanam, ýaş maşgalalar üçin has möhümdir. Çünki maşgala jemgyýetiň wajyp birligi bolup, onda söýgi, goldaw we özara düşünişmek ýaly esasy gymmatlyklar emele gelýär. Spektakl kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmek we durmuşdan lezzet almak üçin maşgala gatnaşyklaryny goramagyň we berkitmegiň möhümdigini ýatladýar.