Gyrgyz Respublikasynyň Kasymaly Jantoşewiň adyny göterýän Yssyk-Kul welaýat sazly drama teatrynyň döredijilik topary Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynda häzirki zaman terzinde sahnalaşdyrylan «Ak gämi» sahna oýnuny görkezdi.
Sahnada köp sanly ýenjik bolan gapy bilen gurşalan adaty hammam legeni durdy – sahnanyň şunuň ýaly garaşylmadyk bezegi çetde ýaşaýan adamlaryň durmuşynda emin-amanlygyň ýokdugyny nygtaýardy, şol bir wagtyň özünde-de oglanjygyň: «Ol bir gün şu ýerlerde durar we onuň içinden kakam çykar» diýip, ak gämi baradaky edýän hasyl bolmajak arzuwy bilen baglanyşyklydy.
«Ak gämi» sahna oýny bir döwürde türkmen aktýorlary tarapyndan hem sahnalaşdyrylyp, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýerine ýetirildi. Şonda aktýorlar oýunda bolup geçýän wakalary Çiňgiz Aýtmatowyň eseriniň ýordumyna mümkin boldugyça golaý ýerine ýetiripdiler. Olaryň gyrgyz kärdeşleri bolsa başga ýoly saýlap alypdyrlar.
Çiňgiz Aýtmatowyň döredijiliginiň her görnüşde-de tomaşaçyny gyzyklandyrjak derejede güýçlüdigini bellemelidiris. Şonuň üçin türkmen tomaşaçysy gyrgyz aktýorlarynyň işi bilen tanşyp, ýene-de päk we näzik kalply gyrgyz oglanjygyň gününe duýgudaşlyk bildirdiler.
Tomaşaçylar gyrgyz toparyny mähirli el çarpyşmalar bilen alkyşladylar we olaryň oglanjygyň çet gyradaky gysga ömrüniň täsirli hekaýatyny tomaşaça ýetirmek üçin ulanan özboluşly usullaryna ýokary baha berdiler.