Aşgabatda tamamlanan halkara Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly diňe bir ýerine ýetiriş sungatynyň baýramçylygy, döredijilik gözlegleriniň we doganlyk ýurtlaryň teatr toparlarynyň gazananlarynyň sergisi bolman, eýsem, has giň medeni aragatnaşyk üçin ýerlik boldy.
Festiwal alty ýurtdan gelen suratkeşleriň eserleriniň sergisi, şygryýet agşamy we ýaşlar bilen duşuşyklar ýaly döredijilik çärelerini öz içine aldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Bazar Amanowyň adyny göterýän Türkmenistanyň Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan guralan göçme kitap sergisi festiwalyň myhmanlaryny türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan eserleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň türkmen we daşary ýurt dillerindäki eserler ýygyndysy, teatr sungatyna degişli kitaplar we beýleki neşirler bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen şygryýet agşamynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjylary we şahyrlary goşgy okadylar, tejribe alyşdylar. Ylham we çuňňur duýgulardan doly şygyr agşamy doganlyk halklaryň döredijiliginiň dürli öwüşginini görkezdi, özara baýlaşmaga, doganlyk halklaryň dostlugyna we özara düşünişmegine goşant goşdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen döredijilik duşuşygynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjylarydyr şahyrlary Gündogaryň çeper sözüň beýik ussady we ynsanperwer akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi baradaky pikirlerini ýaşlara ýetirdiler we türkmen nusgawy şahyrynyň paýhas doly şygyrlaryny, şeýle hem öz goşgularyny okadylar.