Ï Türkmenistan derman serişdelerine gözegçilik guramalarynyň Hindistanda geçen halkara maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan derman serişdelerine gözegçilik guramalarynyň Hindistanda geçen halkara maslahatyna gatnaşdy

view-icon 1856
Türkmenistan derman serişdelerine gözegçilik guramalarynyň Hindistanda geçen halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň (ICDRA) 2024-nji ýylyň 14–18-nji oktýabry aralygynda Nýu-Delide geçen 19-njy maslahatyna gatnaşdy.

Bu çäre Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň goldawy bilen, Hindistan hökümetiniň Merkezi derman serişdeleriniň Hindistan standartlaryna laýyklygyna gözegçilik edarasy, Saglygy goraýyş we maşgala abadançylygy ministrligi tarapyndan ýola goýuldy. Türkmenistanly wekiller-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hyzmatdaşlarynyň farmakologik gözegçiligi boýunça maslahatyna gatnaşdylar.

Derman serişdelerini kadalaşdyryjy edaralaryň halkara maslahaty häzirem dermanlary kadalaşdyrmakda, şeýle hem dermanlaryň howpsuzlygyny, netijeliligini we hilini ýokarlandyrmakda BSGG-niň möhüm guralydyr. Ol maglumat alyş-çalşygy we umumy gyzyklanma döredýän meseleleri çözmekde bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek maksady bilen, 1980-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şu ýylky maslahatyň mowzugy «Akylly-başly sazlama: hemmeler üçin lukmançylyk enjamlarynyň kepilli hiliniň üpjünçiligi».