Ï ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1786

2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady ulgam, howanyň üýtgemegi, hususan-da metan zyňyndylaryny azaltmak ugrundaky we ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara bähbitli konstruktiw gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.