Ï Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär

view-icon 2381
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda BRIKS agza ýurtlaryň nobatdaky sammiti geçirilýär, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.

«Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselesine howpsuzlygy  we ösüşi üpjün etmekde ählumumy çemeleşmäniň binýatlaýyn bölekleriniň biri hökmünde garamak,  howanyň üýtgemegi, ekologiýa bilen baglanyşykly tehnogen hadysalara  gözegçilik etmegiň we olara garşy durmagyň köptaraplaýyn mehanizmlerini döretmek ugrunda çykyş edýär» diýip, hormatly Prezidentimiz sammitindäki çykyşynda belledi.

Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw we suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär.