Ï Döwlet kitaphanasynda meşhur alymlara, arheologlara bagyşlanan sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet kitaphanasynda meşhur alymlara, arheologlara bagyşlanan sergi açyldy

view-icon 2335
Döwlet kitaphanasynda meşhur alymlara, arheologlara bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýeleri Wadim Mihaýlowiç Masson bilen Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlanan kitaphana syny we sergi geçirildi.

Sungat bölümi tarapyndan guralan çärede bu görnükli alymlaryň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmekde we olar hakdaky maglumatlary dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryna şaýatlyk edýän dürli neşirler görkezildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, dürli döwürleriň täsin ýadygärliklerini we türkmen topragynda beýik siwilizasiýalaryň yzlaryny öwrenmäge ömrüni bagyş eden alymlar hökmünde Mihail Ýewgenýewiç Massonyň, ogly Wadim Mihaýlowiç Massonyň we Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň atlary diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň arasynda-da bellidir.

Olaryň ýolbaşçylygynda geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri ylmy derňewçileriň täze-täze nesliniň gyzyklanmasyny özüne çekýän gadymy Merwiň, Änewiň, Nusaýyň, Altyndepäniň syrlaryny dünýä ýaýdy. Olaryň işleri bolsa taryh ylmynda unudylmajak, aýdyň yz galdyrdy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan guralyp, ýakynda «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen «Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk hem bu beýik alymlaryň doglan günleriniň 95 ýyllygyna gabat getirildi. Onda Watanymyzyň taryhyny öwrenmäge rus arheologlarynyň goşan goşandyna türkmen döwletiniň mynasyp baha berendigi bellendi. Akademikler Wadim Masson we Wiktor Sarianidi dürli ýyllarda Magtymguly adyndaky halkara baýragy we beýleki döwlet baýraklary bilen sylaglandy.

Olaryň işleri ýurdumyzda köp sanda neşir edildi we açyşlary gadymy dünýä taryhy boýunça mekdep okuw kitaplaryna girizildi. Mundan başga-da, akademikler Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň adaty däl şahsyýetleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserlerinde-de agzalýar.