Ï Türkmenistanly we Türkiýeli hünärmenler maliýe hasabatyny düzmek boýunça tejribe alyşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly we Türkiýeli hünärmenler maliýe hasabatyny düzmek boýunça tejribe alyşýarlar

view-icon 2335
Türkmenistanly we Türkiýeli hünärmenler maliýe hasabatyny düzmek boýunça tejribe alyşýarlar

2024-nji ýylyň 21–26-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärlerinden ybarat türkmen wekiliýetiniň Türkiýä sapary dowam edýär.

Wekiliýetiň agzalary Türkiýäniň Gazna we Maliýe ministrliginiň, Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň işgärleri bilen duşuşyp, olar bilen maliýe hasaplaryny işläp düzmek işinde müdirlikleriň arasynda borçlary paýlamak, yzygiderliligi üpjün etmek, maglumatlar çeşmelerindäki tapawutlary kesgitlemek arkaly birleşdirilen hasaplarda ylalaşygy üpjün etmek ýaly temalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, hünärmenler maliýe hasabyny düzmek boýunça pudagara iş toparynyň agzalarynyň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar, mümkin bolan maglumat çeşmelerini öwrendiler, şeýle hem maliýe hasaplaryny düzmek üçin ulanylýan hasabat galyplaryna we programma üpjünçiligine garadylar.

Bu sapar Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Milli hasaplar ulgamyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin maliýe hasaplaryny işläp düzmäge ýardam» taslamasynyň çäginde guraldy. Taslama statistik maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.