Kompozitor, saz öwreniji we galamgär Aýna Şirowa meşhur sazanda Dmitriý Simonowyň hatyrasyna guralan «Diňe bir saz bar» atly halkara bäsleşikde ikinji ýeri eýeledi.
Aýdym-saz pudagynda işleýän edebiýatçylaryň we galamgärleriň arasynda bu bäsleşigiň eýýäm üçünji möwsümi geçirilýär. Şu ýyl bäsleşige 15 ýurtdan (Russiýa, Awstraliýa, Belarus, Germaniýa, Müsür, Ysraýyl, Hindistan, Gazagystan, Kanada, Litwa, ABŞ, Türkmenistan, Fransiýa, Şweýsariýa, Şwesiýa) 173 sazanda gatnaşdy. Emin agzalarynyň bäsleşigiň «Aýdym-saz gutusy» bölüminde Türkmenistanyň wekiline ikinji ýeri bermegi biziň üçin ýakymlydyr. Bu bölüme resminamalaýyn kyssa, galamgärlik we publisistika girýär.
Aýna Şirowa galamgärlik bilen 2001-nji ýylda meşgullanyp başlady, şu döwürde dürli neşirlerde – kagyz ýüzünde we elektron görnüşinde sungatyň dürli görnüşleri bilen baglanyşykly 300-den gowrak makala çap etdirdi. Aýna Şirowa Strasburg (Fransiýa) uniwersitetiniň sazçylyk hünäri boýunça magistraturasyny tamamlady, häzir bolsa ol doktorlyk derejesini almak üçin şu uniwersitetiň aýdym-saz bölüminde bilimini dowam etdirýär.
Kärdeşimizi bäsleşikde gazanan ýeňşi bilen gutlaýarys we oňa ýene-de döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris!