Ï Suratçy Wýaçeslaw Sarkisýan altyn medala mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suratçy Wýaçeslaw Sarkisýan altyn medala mynasyp boldy

view-icon 851
Suratçy Wýaçeslaw Sarkisýan altyn medala mynasyp boldy

Türkmenistanyň surata düşürmek sungatyny söýüjileri we hünärmenleri tanymal fotosuratkeş, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) suratçysynyň sebit we dünýä boýunça dürli bäsleşikleriň ýeňijisi we baýrak eýesi bolmagyny eýýäm adaty zat diýip kabul edýärler.

Ine, häzirem, edil düýn-öňňin ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Halkara surata düşürmek federasiýasynyň (FIAP), Halkara foto-suratkeşler assosiasiýasynyň (IAAP) we Horwatiýanyň Surata düşürmek assosiasiýasynyň (HFS) howandarlygynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji we altyn medala mynasyp diýlip, ildeşimiz Wýaçeslaw Adamowiç Sarkisýanyň yglan edilendigi belli boldy.

Bu baýrak 48 ýurtdan gelen 478 garşydaşy bilen aldym-berdimli bäsleşikde, onda-da sak duran eminler düzgüninde gazanylandygy üçin Türkmenistanyň žurnalistler jemgyýetini begendirmän bilmez. Wýaçeslaw Sarkisýanyň fotosurat eseri iň gowy iş diýlip ykrar edildi. Baýragyň gymmaty, bäsleşige sekiz müň töweregi suratyň hödürlenendigini bileniňde, has-da ýokary bolýar. Halkara eminler bu işlerden ilki iki müň sanysyny saýlap aldylar, soň bolsa finala diňe 135 işiň gatnaşdyrylmagyna rugsat berdiler. Ine, şunça adamyň arasyndan ýeňiji bolup çykmak diýseň gymmat durýar. Şeýle-de bolsa, Wýaçeslaw Sarkisýan – iň gowy fotosuratçy.

W.Sarkisýanyň düşüren suratlarynyň öňem iň gowy surat diýlip ykrar edilendigini bellemelidiris. Onuň «Talyp gyzlar» işi 2022-nji ýylda Çehiýada geçirilen bäsleşikde iň gowy iş boldy. Şonda Sarkisýan bile işleýän 300 kärdeşinden üstün çykdy. Wýaçeslaw Adamowiçiň alan fotosuratlarynda Türkmenistanyň häzirki durmuşyndan suratlar, adaty adamlaryň, esasanam, ýaşlaryň ýüz keşpleri, şeýle hem adaty senet önümleri: şaý-sepler, halylar, milli keşdeler, at bezegleri şekillendirilýär. Ildeşimiziň işleri Russiýada, Marokkoda, Hytaýda, ABŞ-da, Çehiýada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda baýraga mynasyp boldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň redaktorlygy Zagrebde altyn medal alan ildeşimizi gutlap, oňa iki sowal bilen ýüzlendi.

– Wýaçeslaw Adamowiç, siziň işleriňiz dürli bäsleşiklerde baýrak alýar. Düzgün boýunça, muňa ýol berilýärmi?

– Munda aýyp zat ýok. Şol bir sportçular, aktýorlar we döredijilik hünärli adamlar şol bir film, oýun, çeper ýa-da saz eseri üçin baýrak almaýarlarmy? Üstesine-de, surat bäsleşigini guraýjylar köplenç oňa belli bir suratçynyň belli bir işini hödürlemegi teklip edýärler.

– Hünärmenler siziň işleriňizde gyzyl reňkiň görnetin agdyklyk edýändigini belleýärler.

– Soňky wagtlar Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) tabşyrygy bilen öz suratkeşlerimiziň sergilerindäki suratlaryň suratyny alyp başladym. Şonda olaryň köplenç gyzyl reňk ulanýandygyna üns berdim. Gyzyl reňk türkmen halkynyň we, elbetde, suratkeşleriniň aňynda Günüň, oduň we ojagyň şöhleleri bilen baglanyşýan bolmaly. Mundan başga-da, gyzyl reňk ýaşlygyň we saglygyň nyşany ahbetin. Şu synlamalara esaslanyp, indi hemme zatda gyzyl, ýagny gözellik bilen sazlaşyk görmäge çalyşýaryn.

P.S. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) we «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň işgärleri kärdeşlerini beýleki habar beriş serişdelerinden gelýän gutlaglaryna tüýs ýürekden goşulýarlar.